Aşgabat

Aşgabat
Balkan
Ahal
Mary
Lebap
Daşoguz
tk
ru
en
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkeziniň merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
slogan
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
Biz barada
Täzelikler
Makalalar
Suratlar
Wideolar
Bäsleşik
Ulgama gir

Täzelikler

Sanly bilim

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty talyplyga kabul edýär

12.07.2025

800

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty talyplyga kabul edýär

DÖWLETMÄMMET AZADY ADYNDAKY TÜRKMEN MILLI DÜNÝÄ DILLERI INSTITUTY

2025/2026-njy okuw ýyly üçin bakalawr maksatnamasy boýunça taýýarlygyň aşakdaky ugurlaryna talyplyga kabul edýär:

I. Bakalawr maksatnamasy (býujet esasynda):

  1. Bilim we pedagogika (mugallymçylyk) ylymlary:
    • Pedagogika bilimi (iňlis dili);
    • Pedagogika bilimi (nemes we iňlis dilleri);
    • Pedagogika bilimi (fransuz we iňlis dilleri);
    • Pedagogika bilimi (rus dili we edebiýaty).

II. Bakalawr maksatnamasy (tölegli esasda):

  1. Bilim we pedagogika (mugallymçylyk) ylymlary:
    • Pedagogika bilimi (iňlis dili);
    • Pedagogika bilimi (nemes we iňlis dilleri);
    • Pedagogika bilimi (fransuz we iňlis dilleri);
    • Pedagogika bilimi (rus dili we edebiýaty);
    • Pedagogika bilimi (ispan we iňlis dilleri);
    • Pedagogika bilimi (italýan we iňlis dilleri);
    • Pedagogika bilimi (arap dili, türkmen dili we edebiýaty);
    • Pedagogika bilimi (pars dili, türkmen dili we edebiýaty);
    • Pedagogika bilimi (türk dili, türkmen dili we edebiýaty);
    • Pedagogika bilimi (hytaý dili, türkmen dili we edebiýaty);
    • Pedagogika bilimi (ýapon dili, türkmen dili we edebiýaty);
    • Pedagogika bilimi (koreý dili, türkmen dili we edebiýaty);
    • Pedagogika bilimi (hindi dili, türkmen dili we edebiýaty);
    • Pedagogika bilimi (türkmen dili we edebiýaty).
  2. Dil bilimi we edebiýaty öwreniş:
    • Terjime we terjimeçilik işi (iňlis dili);
    • Terjime we terjimeçilik işi (rus dili).

Umumy düzgünler:

Instituta umumy orta bilimden pes bolmadyk binýatda bilimi bolan, ýaşy 35-den geçmedik Türkmenistanyň raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlarynyň kabul edilişi:

Resmi iş kagyzlary welaýat merkezlerinde we Aşgabat şäherinde (Aşgabat we Arkadag şäherleri boýunça) 2025-nji ýylyň 14 — 27-nji iýuly aralygynda kabul edilýär.

Gerekli resminamalaryň sanawy:

  • Bellenilen nusgada rektoryň adyna ýazylan arza;
  • Bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);
  • Bilimi baradaky resminama (asyl nusgasy);
  • Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;
  • Soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;
  • 3x4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat;
  • Işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;
  • Okuw dersleri boýunça mekdep okuwçylarynyň döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, halkara bäsleşiklere gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýarlar.

Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde, resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:

  • Pasportyny;
  • Harby şahadatnamasyny ýa-da harby hasaba goýlandygy hakynda şahadatnamasyny.

Dalaşgär bäsleşiksiz we (ýa-da) okuwa kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler. Nädogry berlen maglumatlar we galp resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

Giriş synaglarynyň möhletleri:

Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek institutda (Aşgabat ş.) aşakdaky möhletlerde geçirilýär:

  • Ahal welaýaty — iýul aýynyň 30-31-i, awgust aýynyň 1-i we 2-si günleri;
  • Balkan welaýaty — awgust aýynyň 3-i, 4-i we 5-i günleri;
  • Aşgabat we Arkadag şäherleri — awgust aýynyň 6-7-si, 8-i we 9-y günleri;
  • Daşoguz welaýaty — awgust aýynyň 10-11-i, 12-si we 13-i günleri;
  • Mary welaýaty — awgust aýynyň 14-15-i, 16-sy we 17-si günleri;
  • Lebap welaýaty — awgust aýynyň 18-i, 19-y we 20-si günleri.

Giriş synaglary geçirilýän dersler:

  • Taýýarlygyň ugurlary: pedagogika bilimi (nemes we iňlis dilleri; fransuz we iňlis dilleri; arap dili, türkmen dili we edebiýaty; pars dili, türkmen dili we edebiýaty; hytaý dili, türkmen dili we edebiýaty) — saýlap alan ugrunyň dili ýa-da iňlis dili, türkmen dili we edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy;
  • Taýýarlygyň ugurlary: pedagogika bilimi (iňlis dili; ispan we iňlis dilleri; italýan we iňlis dilleri; ýapon dili, türkmen dili we edebiýaty; koreý dili, türkmen dili we edebiýaty; türk dili, türkmen dili we edebiýaty; hindi dili, türkmen dili we edebiýaty); terjime we terjimeçilik işi (iňlis dili) — iňlis dili, türkmen dili we edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy;
  • Taýýarlygyň ugry: pedagogika bilimi (türkmen dili we edebiýaty) — türkmen dili we edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy, jemgyýeti öwreniş;
  • Taýýarlygyň ugurlary: pedagogika bilimi (rus dili we edebiýaty); terjime we terjimeçilik işi (rus dili) — rus dili, türkmen dili we edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy.

Okuw dersleri boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär. Degişli dil boýunça geçilýän derslerden başga ähli okuw dersleri boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär.

Giriş synaglarynyň tertibinde bellenilen wagtda synaglara esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da okuw dersleriniň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler soňky synaglara goýberilmeýär.

Giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda, bäsleşiksiz we talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşinde kesgitlenen düzgünlere laýyk gelýän dalaşgärler peýdalanýarlar.

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň salgysy:

Aşgabat ş., Aba Annaýew köçesi, 47

Tel.: 34-67-17.

neutrality.gov.tm

Meňzeş habarlar

Hyzmatdaşlarymyz

Sanly ulgamlar

Maglumatlary ulanmagyň düzgünleriGizlinlik syýasaty
Habarlaşmak

+993 12 36-19-25

+993 12 36-19-26

+993 65 50-31-84

info@bilim.tm

Salgymyz

744000, Türkmenistan, Aşgabat ş., Bagtyýarlyk etraby, Magtymguly şaýoly, 136 jaý

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkeziniň merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly