Täzelikler
533
Türkmenistanyň Prezidenti Hormatly Serdar Berdimuhamedowyň parasatly içeri we daşary syýasaty, durmuşa geçirýän döwrebap özgertmeleri, il-ýurt bähbitli, halkara ähmiýetli taslamalary, halkara hyzmatdaşlygyň uzak geljegini nazarlaýan täzeçe ynsanperwer çemeleşmeleri netijesinde Türkmenistan Watanymyzyň, merdana halkymyzyň abraý-mertebesi dünýäde has-da belende galýar.
Türkmenistan döwletimiziň ykdysadyýetiniň esasy ugurlarynyň biri bolan nebitgaz pudagy halkara hyzmatdaşlygynyň esasynda ösen derejelere ýetdi. Ýurdumyzda hereket edýän önümçiliklerde ornaşdyrylan az galyndyly, energiýany tygşytlaýan innowasion tehnologiýalaryň esasynda halkara standartlara laýyk gelýän önümler öndürilýär.
2024-nji ýylyň 18-nji oktýabrynda Lu Ban ussahanasyny döretmek maksady bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Sian şäherinde Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti bilen Sian nebit uniwersitetiniň, Hebeý nebit hünär-tehniki uniwersitetiniň, Hytaýyň milli nebitgaz korporasiýasynyň we Hytaýyň bilim ulgamynda halkara alyş-çalyş assosiasiýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama baglaşyldy.
Baglaşylan Ähtnamanyň çäklerinde Hytaý Halk Respublikasynyň Sian nebit uniwersitetiniň we Hebeý nebit hünär-tehniki uniwersitetiniň professor-mugallymlary Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde Lu Ban ussahanasynyň işini ýola goýmak we ugurdaş ýokary okuw mekdepleri hökmünde özara tejribe alyşmak üçin ýurdumyza iş sapary bilen geldiler.
Iş saparynyň dowamynda Hytaý Halk Respublikasyndan gelen professorlar bir hepde uniwersitetiň ýaş mugallymlary üçin informatika we amaly geologiýa ugurlary boýunça täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylyşy barada hünär derejesini kämilleşdiriş okuwlaryny geçerler.
Nebitgaz pudagy üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamakda ugurdaş daşary ýurt uniwersitetleriniň tejribesini öwrenmeklik uly ähmiýte eýedir.
Ýurdumyzyň nebitgaz pudagynda we ylym-bilim ulgamynda netijeli halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge, dünýäniň öňdebaryjy tejribelerini içgin öwrenmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden uly sagbolsunlarymyzy aýdýarys. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli alyp barýan beýik işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti
744000, Türkmenistan, Aşgabat ş., Bagtyýarlyk etraby, Magtymguly şaýoly, 136 jaý
© 2025 Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkezi. Ähli hukuklar goralan.