Täzelikler
579
16-njy iýulda Türkmenistanyň mekdep okuwçylary 9 günläp Belarus Respublikasynyň çäklerinde geçirilen «Arkalaşygyň çagalary» atly forumyň ýapylyş dabarasyna gatnaşdylar.
Türkmenistanly mekdep okuwçylary GDA-nyň sekiz ýurdunyň wekilleriniň hatarynda Belarus Respublikasy bilen tanyşdylar, taryhy ýerlerine baryp gördüler, ýokary derejeli duşuşyklara gatnaşdylar, öz ýurtlarynyň medeniýetini tanyşdyrdylar we täze dostlary edinmek mümkinçiligine eýe boldular.
Forumyň dowamynda her bir wekiliýet öz ýurduny tanyşdyrmaga mümkinçilik aldy. Çagalar Belarus Respublikasynyň ministrleri, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, belli türgenler, medeniýet işgärleri, Milli Ylymlar akademiýasynyň we ýaşlar guramalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşdylar.
Mekdep okuwçylary «Hatyn» ýadygärligine, «Partizan kenary» ýadygärlik toplumyna, Beýik Watançylyk urşy baradaky Belarus Döwlet taryhy muzeýine baryp gördüler. Şeýle-de olar «Naroçanskiý» milli seýilgähinde we «Nanosy» atly etno-medeni toplumda Belarusyň tebigaty we taryhy bilen tanyşdylar, Milli çagalar tehnoparkynda robotlar üçin programma döretmegi öwrendiler.
Forumyň her güni öňdebaryjy belarus metbugaty tarapyndan giňden beýan edildi. Çagalaryň beren interwýularynda belarus halkynyň myhmansöýerligi we beýleki GDA ýurtlarynyň taryhyna we durmuşyna bolan gyzyklanma aýratyn nygtaldy.
Bu çäre GDA-nyň Parlamentara Assambleýasy we Belarus Respublikasynyň Milli ýygnagynyň Respublika geňeşi tarapyndan GDA agza döwletleriň arasynda ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça Halkara gaznanyň goldamagynda guraldy diýip, GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň saýtynda habar berilýär.
744000, Türkmenistan, Aşgabat ş., Bagtyýarlyk etraby, Magtymguly şaýoly, 136 jaý
© 2025 Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkezi. Ähli hukuklar goralan.