Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda 2025-nji Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň 4 — 8-nji awgust aralygynda Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna barýan Türkmenistan Watanymyzda ähli ugurlarda belent sepgitlere ýetilýär. Şeýle taryhy wakanyň bosagasynda Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň bagtyýar talyby halkara derejesinde uly üstünliklere mynasyp boldy. Ýagny Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň Atçylyk hünäriniň 1-nji ýyl talyby Myradow Azat 2025-nji ýylyň iýul aýynyň 9-1-i aralygynda Gyrgyzystan Respublikasynyň Çolpan-Ata şäherinde sportyň «Uniwersal söweş» görnüşi boýunça Aziýa çempionatynda 18-20 ýaşly türgenleriň arasynda 70 kg agram derejesinde “Classic” we “Light” görnüşi boýunça çykyş edip baýrakly 2 sany I orna, altyn medallara mynasyp boldy.
Şeýle hem 2025-nji ýylyň 17-20-i aralygynda Özbegistan Respublikasynyň Andijan şäherinde “World usmanov’s combat system Association” ýagny “WUCSA”-nyň gurnamagynda geçirilen dünýä çempionatynda 18 ýaşdan ýokary türgenleriň arasynda 70 kg agram derejesindesportyň “Light” görnüşi boýunça çykyş edip baýrakly 3 oruna, bürünç medala mynasyp boldy. Bu gazanylýan üstünlikleriň gözbaşynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaşlara döredip berýän giň mümkinçilikleri bar. Döredilýän şeýle mümkinçilikler üçin bagtyýar ýaşlaryň kalby buýsançly sözlerden doly. Goý türkmen halkynyň bagtly durmuşda ýaşamagy üçin giň gerimli işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, tutýan tutumly işleri rowaç alsyn!