Täzelikler
194
Täze hünärleriň ýüze çykmagy uçurymlardan çuňňur ynsanperwer bilimleri talap edýär. Ýokary hünärli işgärleri taýýarlamakda we okuwçylaryň zerur bilimleri özleşdirmeklerinde “Dünýä taryhy” dersiniň ähmiýeti örän uludyr.
Ýaňy-ýakynda umumybilim berýän orta mekdepleriň rus dilinde okadylýan 12-nji synpy üçin “Dünýä taryhy” atly täze okuw kitaby neşir edildi (awtorlary: J.Hatamow, J.Gurbangeldiýew. – A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2025).
Bu okuw kitaby dünýä taryhynyň häzirki döwrüni, has takygy 2000-nji ýyldan 2025-nji ýylyň ortalaryna çenli döwri öz içine alýar. Taryhy wakalaryň temalara görä yzygiderli beýan edilmegini üpjün etmek maksady bilen XX asyryň ikinji ýarymyndaky möhüm wakalar hem kitapda beýan edilýär. Okuw ýylynyň dowamynda dünýäniň syýasy kartasynda XXI asyryň ilkinji çärýeginiň ahyryna çenli bolan özgertmeler, birnäçe döwletleriň ösüş aýratynlyklary, dürli ýurtlaryň syýasy, ykdysady we medeni ösüşi, halkara gatnaşyklarynyň taryhy, ylmyň, tehnikanyň, medeniýetiň ösüşi ýaly meseleler giňişleýin seredilýär we seljerilýär.
Döwletleriň daşary syýasatyny öwrenmekde, olaryň Garaşsyz Türkmenistan bilen gatnaşyklaryna aýratyn üns berilýär. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Garaşsyz Türkmenistanyň syýasy we ykdysady ösüş konsepsiýasynyň teoriýa esaslaryny we onuň amaly taýdan durmuşa geçirilmeginiň ýörelgelerini işläp düzmekdäki uly goşantlary hem beýan edilýär.
Okuw kitabyndaky maglumatlar Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik bitaraplyk hukuk derejesinden gelip çykýan ýörelgelere eýerýär. Kitabyň awtorlary okuwçylary özbaşdak pikirlenmäge, öwrenilen maglumatlary seljermäge we häzirki zaman taryhy wakalary, jemgyýetçilik-syýasy tendensiýalaryň üýtgemegi, dünýä ykdysadyýetiniň ösüş kanunalaýyklyklary boýunça netijeleri çykarmagy öwretmegi maksat edinýärler.
Okuw kitabynda taryhy resminamalar we goşmaça maglumatlar peýdalanyldy, bu bolsa okuwçylara öwrenilýän temany has giň düşünmäge we doly göz öňüne getirmäge mümkinçilik berýär. Geosyýasy düşünjeleri giňeltmek maksady bilen kitapda degişli kartalar ýerleşdirilipdir.
Okuw kitabynda statistiki maglumatlary we tablisalary düzmek hem-de doldurmak boýunça ýumuşlara-da orun berilýär. Şeýle hem dürli ýurtlaryň jemgyýetçilik-syýasy ösüşine uly täsir ýetirýän syýasy liderleriň we döwlet ýolbaşçylarynyň durmuş ýoly barada esasy maglumatlar getirilýär.
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň
okuw kitaplaryny taýýarlamak we neşir işleri bölümi
744000, Türkmenistan, Aşgabat ş., Bagtyýarlyk etraby, Magtymguly şaýoly, 136 jaý
© 2025 Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkezi. Ähli hukuklar goralan.