Täzelikler
145
24-nji iýulda ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi hanym Elizabet Rud Aşgabatdaky Döwlet kitaphanasynda geçrilien kitap ýarmarkasynda metbugat wekilleri bilen bolan söhbetdeşlikde, Türkmenistanyň we ABŞ-nyň arasynda medeni hyzmatdaşlygyň üstünlikli ösdürilýändigi barada aýratyn belläp geçdi. Türkmen ýaşlarynyň ABŞ-nyň dürli ýokary okuw mekdeplerinde bilim almaklary üçin Aşgabatda we ýurdumyzyň welaýat merkezlerinde Amerikan geňeşlikleriniň işjeň hereket edýänligi, munuň aýdyň mysalydyr. Şeýle-de ol, häzirki wagtda Amerikada bilim alýan türkmen ýaşlarynyň Aşgabatda guralan kitap sergi-ýarmarkasyna işjeň gatnaşýandygyny nygtady.
Amerikada bilim alýan türkmen talyplarynyň şeýle çärelere işjeň gatnaşmaklary bu gatnaşyklaryň hakykatdan hem berkidilýändigini görkezdi.
Sanly tehnologiýalar döwründe, maglumatlaryň ähli taraplardan gurşap duran döwründe, kitap ýarmarkasy ýaly şeýle çäreler aýratyn ähmiýete eýedir. Olar bize kitabyň mizemez güýji, onuň halklary, nesilleri hem-de medeniýetleri birleşdirmek ukyby barada ýatladýar. Kitap – diňe bir bilim çeşmesi däl, eýsem halk diplomatiýasynyň möhüm guralydyr. Ol kalplary açyp, özara düşünişmegiň we parahatçylygyň binýadyny goýýar.
Çeşmesi: Orient.tm
744000, Türkmenistan, Aşgabat ş., Bagtyýarlyk etraby, Magtymguly şaýoly, 136 jaý
© 2025 Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkezi. Ähli hukuklar goralan.