Täzelikler
144
Ata-babalarymyz “Ynsan soraşa-soraşa” diýip, ýöne ýere aýtmandyrlar. Munuň şeýledigini türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň turuwbaşdan öňe süren, türkmen diplomatiýasynyň ýörelgeleriniň içinden eriş-argaç bolup geçýän başlangyçlarynyň, filosofik garaýyşlarynyň “Dialog – parahatçylygyň kepili” bolup dünýä ýaýylýandygynda-da görmek bolýar.
Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi we onuň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy we bu iri halkara guramanyň döredilmeginiň 80 ýyllygy bilen gabat gelmegi örän buýsandyryjy wakalardyr.
Şu ýylyň 4-nji iýulynda hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz «Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyny geçirmek hakynda» Karara gol çekmegi we ony “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirmek boýunça görülýän ýokary guramaçylykly taýýarlyk işleri, bu işlerde Gahryman Arkadagymyzyň Balkan welaýatyna saparynyň çäklerinde beren gymmatly maslahatlary tutulýan tutumly, dowletli maslahata barýandygymyzy aýdyň görkezýär.
Awazada şu ýylyň 4-8-nji awgusty aralygynda bäş günläp dowam etjek dürli çärelere deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň düzümine girýän 32 döwletiň hem-de BMG-niň gyzyklanma bildirýän beýleki agza ýurtlarynyň döwlet hem-de hökümet Baştutanlarynyň, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň we onuň orunbasarlarynyň gatnaşmagyna garaşylýar. Şeýle hem birnäçe halkara, sebit guramalarynyň, kanun çykaryjy edaralaryň, maliýe institutlarynyň, jemgyýetçilik birleşikleriniň hem-de hususy pudagyň ýolbaşçylarynyň we wekilleriniň gelmegi meýilleşdirilýär.
Geçiriljek bu çäreler toplumy jemi 7 sany esasy ugry: halkara maslahatyň açylyş we ýapylyş dabaralaryny hem-de plenar mejlislerini; ýokary derejedäki tematik «tegelek stollary» (5 sany); ýokary derejedäki 7 sany forumy, ýagny Günorta-Günorta hyzmatdaşlygy boýunça ministrler duşuşygyny, parlament forumyny, hususy pudagyň forumyny, raýat jemgyýetiniň forumyny, ýaşlar forumyny, zenan ýolbaşçylaryň duşuşygyny, arabaglanyşyk boýunça çäräni, şeýle-de maslahata gatnaşýan döwletler hem-de halkara guramalar we edaralar tarapyndan geçiriljek çäreleri, şol sanda türkmen tarapynyň ýerüsti ulag we arabaglanyşyk, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, ýaşlar syýasaty, durnukly energetika, sirkulýar ykdysadyýet bilen baglanyşykly gurajak ugurdaş çärelerini; maslahatyň we ugurdaş çäreleriň geçiriljek binalarynda guraljak tematik sergileri, şol sanda türkmen tarapynyň gurajak sergilerini; Merkezi Aziýa ýurtlarynyň milli günlerini we onuň çäklerinde guraljak medeniýet we sungat ussatlarynyň dabaraly konsertini; Türkmenistanyň Hökümetiniň adyndan maslahata gatnaşyjylaryň hormatyna guraljak resmi nahary öz içine alýar.
BMG-niň Awaza forumynyň gün tertibinde goýulýan meseleleriň hemmesi-de derwaýys meseleler. Olaryň ählisi hem dünýä halklarynyň ynsan gatnaşyklaryny, döwletara, halkara gatnaşyklaryny diplomatik ýollar arkaly diňe parahatçylygyň hatyrasyna sazlaşykly ýola goýmaga we ösdürmäge gönükdirilendir.
Şolaryň arasynda ýaşlar syýasatyna hem aýratyn orun degişli. Biziň ýurdumyzda ýaşlaryň bagtyýar bolmagy, okamagy, hünär edinmegi, jemgyýetde özüniň mynasyp ornuny tapmagy üçin ähli oňaýly şertler döredilen. Dogrusy, lap edip aýtdygymyz däl, käbir özge ýurtlylaryň ertekilerdäki ýaly şeýle ajaýyp şertleriň öz ýurtlarynda özleri üçin hem bolmagyny arzuw edýändiklerini bellemek gerek.
Ine, şeýle arzuwlaryň amal bolmagy üçin BMG-niň Awaza forumy özboluşly çykalga bolup hyzmat eder. Çünki Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary ähli halklaryň parahat, asuda, ajaýyp durmuşy gurmaga, ösdürmäge gönükdirilendir. Dünýäde iri halkara gurama bolan BMG we onuň düzümindäki ýöriteleşdirilen edaralar bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk nusga alarlyk derejede diýsek hakykatdan daş düşmeris. Elbetde, munuň şeýle bolmagy üçin BMG bilen Türkmenistanyň arasynda ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk derejesine laýyklykda maksatnamalaýyn we toplumlaýyn işler amala aşyrylýar.
BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyň, ýagny BMG-niň Awaza forumynyň ýokary derejede guramaçylykly geçjekdigine, onuň bu ýurtlaryň halklaryny has-da ysnyşdyrjakdygyna ynanýarys.
Awaza – döwletli maslahatlaryň geçirilýän ýeri. Awaza – beýik maksatlaryň, döwletli maslahatlaryň, medeniýetli dynç alyşyň sazlaşygynyň mekany. Awaza myhmanlara garaşýar.
Annasapar Kiçiýew,
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň bölüm başlygy.
744000, Türkmenistan, Aşgabat ş., Bagtyýarlyk etraby, Magtymguly şaýoly, 136 jaý
© 2025 Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkezi. Ähli hukuklar goralan.