Täzelikler
422
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda Birleşen Milletler Guramasy 2025-nji ýyly Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýip, yglan etdi. Bu taryhy Karar Türkmenistanyň diňe bir parahatçylykly ýaşaýşyň ýörelgelerine berk ygrarlydygyny şöhlelendirmän, eýsem, iki sany möhüm sene – Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy we BMG-niň esaslandyrylmagynyň 80 ýyllygy bilen hem gabat gelýär. Bu şatlykly wakalar Türkmenistanyň bitarap döwlet hökmünde halklaryň arasyndaky dünýä möçberli global durnuklylygy we dialogy berkitmekde saldamly goşant goşýandygyny ýene bir gezek tekrarlaýar.
Bu ýollarda esasy ugurlaryň biri hökmünde bilim çykyş edýär. Hut şol hem parahatçylykly pikirlenmek, özara hormat goýmak we durnukly ösüş üçin esas döredýär. Mekdep mugallymlary we ähli pedagoglar ynanyşmagyň, jogapkärçiligiň we hyzmatdaşlyga ymtylmagyň gymmatlyklary barada her gün ýaşlaryň aňyna ýetirip durýarlar, munuň özi parahat geljegi gurmakda möhüm orny eýeleýär.
Şu ýylyň 4-8 awgusty aralygynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda möhüm waka – deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň meseleleri boýunça BMG-niň üçünji maslahaty geçiriler. Onuň geçirilmegi hakyndaky Karara şu ýylyň 4-nji iýulynda hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz gol çekipdi. Bu forum deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan 32 ýurduň döwlet Baştutanlaryny, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretaryny, şeýle hem halkara guramalaryň, raýat jemgyýetçiliginiň we hususy pudagyň wekillerini özünde jemlär.
Forumyň maksatnamasy ýokary derejedäki 5 sany tematik tegelek stollary; ýokary derejedäki 7 sany forumy, şol sanda ýaşlar forumyny, zenan ýolbaşçylaryň duşuşygyny hem öz içine alýar. Bu meýdançalar has möhüm meseleleri: ýaşlaryň potensialyny açmak, bilimiň hiline deň mümkinçiligi üpjün etmek, gyzlarda we ýaş zenanlarda ýolbaşçylyk (liderlik) etmek hili ösdürmek ýaly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin oňaýly giňişlige öwrüler. Ugurdaş çäreleriň çäklerinde bilime baha bermekde wajyp orny eýeleýän durnukly energetika, sirkulýar ykdysadyýet, innowasion syýasat ýaly temalara uly üns berler.
Türkmenistanda ýaşlaryň hemmetaraplaýyn ösmegi üçin yzygiderli şertler döredilýär, muňa milli we dünýä ykdysadyýeti üçin zerur hünärmenleri taýýarlamaga çenli bilime bolan giň mümkinçilikler degişlidir. Bu ösüşe we sosial adalatlylyga ymtylýan beýleki döwletler üçin hem mynasyp mysal bolup hyzmat eder. Çünki Gahryman Arkadagymyzyň parahatçylygy, ösüşi we abadançlygy dabaralandyrmaga gönükdirilen başlangyçlary ýurdumyzyň bilim syýasatynda aýdyň beýanyny tapýarlar.
BMG-niň Awaza forumy diňe bir halakara duşuşyk bolman, ol nesilleriň we ýurtlaryň arasyndaky intellektual köprä, öňdebaryjy tejribeleriň, innowasion çemeleşmeleriň we global hyzmatdaşlygy berkitmegiň ornaşdyrylmagy üçin platforma öwrüler. Bu wakalaryň halkara bilim giňişliginiň ösüşine önjeýli goşant boljakdygyna, bilimlere, ynanyşmalara we hyzmatdaşlyklara esaslanan parahat dünýäni gurmakda täze nesilleri ruhlandyrjakdygyna ynanýarys.
ORAZMUHAMMET BERDIÝEW,
Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň uly ylmy işgäri.
744000, Türkmenistan, Aşgabat ş., Bagtyýarlyk etraby, Magtymguly şaýoly, 136 jaý
© 2025 Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkezi. Ähli hukuklar goralan.