Täzelikler
160
2025-nji ýylyň 25-nji iýuly, anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy (ÝUNESKO) bilen hyzmatdaşlygyny ösdürmek ugrunda alnyp barylýan işler barada Prezident Serdar Berdimuhamedowa hasabat berdi.
Türkmenistanda alnyp barylýan işjeň ynsanperwer syýasatyny dowam etdirmek we halkara derejesinde öňe sürýän başlangyçlaryny ilerletmek maksady bilen, wise-premýer döwlet Baştutanymyza birnäçe täze teklipleri hödürledi. Olar aşakdakylardan ybarat:
• Türkmenistanyň wekiliýetiniň şu ýylyň güýzünde Samarkant şäherinde geçiriljek ÝUNESKO-nyň Baş konferensiýasynyň 43-nji sessiýasyna gatnaşmagy;
• Şu ýylyň awgust aýynda Türkmenistanda sanly bilim we emeli aň meseleleri boýunça halkara forumy geçirmek. Bu forum bäş ugurdan ybarat tematiki bölümler boýunça, gibrid (onlaýn we göni gatnaşma) görnüşinde geçiriler we emeli aňyň dürli taraplaryny öz içine alar;
• Döwlet Baştutanymyzyň goldamagynda döredilen Maksatlaýyn gaznanyň serişdeleri esasynda maliýeleşdirilýän birnäçe taslamalary durmuşa geçirmek. Olaryň hatarynda – «Biziň mirasymyz», «Ýaşlar, parahatçylyk we howpsuzlyk», Türkmenistanda geoparky döretmek, Amul galasynyň goraglylygyny üpjün etmek ýaly başlangyçlar bar.
Prezident Serdar Berdimuhamedow hödürlenen teklipleri makullap, wise-premýer Raşid Meredowa ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek ugrunda maksada gönükdirilen işleri dowam etdirmek barada degişli tabşyryklary berdi.
744000, Türkmenistan, Aşgabat ş., Bagtyýarlyk etraby, Magtymguly şaýoly, 136 jaý
© 2025 Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkezi. Ähli hukuklar goralan.