Täzelikler
94
26-njy iýulda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda şähergurluşyk maksatnamasynyň häzirki zaman talaplaryna we ýokary halkara görkezijilere laýyk derejede amala aşyrylýandygynyň aýdyň nyşany bolan Arkadag şäherine nobatdaky iş saparyny amala aşyrdy. Gahryman Arkadagymyz şäheriň çäklerinde gurulýan dürli maksatly binalaryň, aýratyn-da, döwrebaplaşdyrylan şaýoluň, köprüleriň, ýol-ulag düzümine degişli desgalaryň şekil taslamalary bilen tanyşdy we degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.
Gahryman Arkadagymyz ir bilen Gökdepe şaýolunyň ugrunda gurlan döwrebap köpriniň ýanyna geldi.
Milli Liderimiz, ilki bilen, köpzolakly köpriniň aşaky gatynyň diwarlarynda ýerleşdirilen şekilleri synlap, şekillerde geçmiş bilen geljegiň özara baglanyşygynyň bardygyna ünsi çekdi. Gahryman Arkadagymyz halkymyzyň öz geçmişine aýratyn sarpa goýýandygyny belläp, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Diýarymyzyň nurana geljege tarap ynamly öňe barýandygyny aýtdy. Türkmen halkynyň Milli Lideri ata-babalarymyzyň bina galdyrmak, ýol çekmek, köpri gurmak ýaly asylly ýörelgeleriniň häzirki döwrüň ruhuna kybap derejede dowam etdirilýändigini nygtap, ýagşy dessurlary özünde jemleýän işleriň ýokary hil derejesinde amala aşyrylmalydygyna ünsi çekdi.
Soňra Gahryman Arkadagymyz desganyň germewlerinde ýerleşdirilen şekilleri synlady. “Bu künjegiň ahalteke bedewleriniň asyl mekanydygyny nazara alyp, desgalaryň bezeginde ahalteke bedewleriniň şekilleriniň ýerleşdirilmegi ähmiýetli çözgütdir” diýip, Gahryman Arkadagymyz belledi we bu babatda öz maslahatlaryny berdi. Şeýle-de binalaryň üçeklerine goýulýan serişdeleriň, ýol ýakalarynda oturdylýan beton raýyşlaryň görnüşleri görkezildi. Bu serişdeleri ýaşaýyş jaýlaryna we beýleki binalaryň üçeklerine goýmak bellenildi. Ýurdumyzda öndürilen bu önümleriň importyň ornuny doly tutýandygy barada aýdyldy.
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy Derýageldi Orazow ýurdumyzyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Seýsmiki ýagdaýa durnukly gurluşyk ylmy-barlag institutynyň hünärmenleriniň intellektual eýeçiligiň esasynda bu ýerleriň seýsmiki ýagdaýyny ylmy esasda öwrenendiklerini aýtdy. Şunda ýeriň dykyzlygyna, topragyň özboluşly aýratynlyklaryna, howa şertlerine möhüm ähmiýet berildi. Ýurdumyzyň telekeçileriniň bina eden desgalarynyň gurluşygynda häzirki zamanyň täzeçil usullary bilen gurluşyk babatda toplanan köpýyllyk tejribe sazlaşykly beýanyny tapýar.
Hormatly Arkadagymyz üçekleriň we ýol ýakalaryna niýetlenen betonlaryň hil babatda ýokary halkara görkezijilere, reňkiniňdir berkliginiň bolsa ýurdumyzyň howa şertlerine laýyk gelmelidigini nygtady. Şol bir wagtyň özünde olaryň bezeg babatdaky derejesi ýokary bolmalydyr. Köpriniň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylmagy, onuň çäklerinde ýaşyl zolaklaryň döredilmegi özboluşly binagärlik sazlaşygyny emele getirip, ekologiýa ýagdaýynyň gowulanmagyna oňyn täsirini ýetirer.
Soňra Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde görkezilýän şekil taslamalary bilen tanyşdy. Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy Derýageldi Orazow we Arkadag şäheriniň häkimi Gülşat Mämmedowa taýýarlanylan şekil taslamalary we olaryň häsiýetli aýratynlyklary barada maglumat berdiler.
Bu ýerde durmuş we önümçilik maksatly binalaryň şekil taslamalary, aýratyn-da, Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda meýilleşdirilen işler, Gökdepe şaýolundaky döwrebap köpriniň, beýleki desgalaryň görnüşleri görkezildi.
Milli Liderimiz şekil taslamalary bilen tanşyp, olara birnäçe belliklerini aýtdy we degişli düzedişleri girizdi. Şeýle-de ýol-ulag düzümine degişli desgalaryň gurluşygy, şol sanda Gökdepe şaýolundaky köpzolakly köpriniň, oňa barýan ýoluň ugrundaky ýol belgileriniň talabalaýyk bolmagyna, bu ýoldan geçýän ýük ulaglarynyň kada laýyk derejede kesgitlenmegine möhüm üns berilmegi babatda birnäçe maslahatlaryny berdi. Bu ýoluň rysgal-bereketli, rowaç ýol bolmalydygyny aýdyp, Gahryman Arkadagymyz bu babatda zerur tagallalaryň edilmelidigine ünsi çekdi.
Täze şäheriň binagärlik keşbi bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirýän ýol-ulag düzümine degişli desgalaryň gurluşygy ýokary hil derejesinde alnyp barylmalydyr. Halk Maslahatynyň Başlygy köpzolakly köpriniň gurluşygyny ýerli telekeçileriň amala aşyrandyklaryny belläp, ýurdumyzyň telekeçileriniň häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň hemaýat-goldawyndan netijeli peýdalanyp, giň möçberli taslamalary durmuşa geçirýändiklerini we olaryň bu babatda baý tejribe toplaýandyklaryny aýratyn nygtady.
Derýageldi Orazow şu ýylyň 12-nji martynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gatnaşmagynda Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda ýylda 3 million 300 müň inedördül metr keramiki-bezeg plitalaryny we 120 müň sany sanfaýans önümlerini öndürmäge niýetlenen kärhananyň açylandygyny belläp, Gahryman Arkadagymyza Bäherden keramiki önümler kärhanasynyň önümlerini ilkinji gezek Arkadag şäheriniň gurluşygynda ulanmak baradaky teklibi beýan etdi.
Milli Liderimiz Arkadag şäheriniň gurluşyklarynda ýurdumyzyň kärhanalarynyň önümleriniň we serişdeleriniň ulanylýandygyna hem-de daşary döwletlerden getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilik kuwwatlyklarynyň yzygiderli döredilýändigine ünsi çekip, şunda Bäherden keramiki önümler kärhanasynyň önümlerini yzygiderli ulanmak barada karara gelendigini aýtdy. Şäher gurluşygynda ulanyljak üçek örtükleri, ýol betonlary, keramika önümleri we beýleki gurluşyk serişdeleri ýokary hilli, göze gelüwli bolmalydyr. Olaryň howa şertlerine çydamlylygy, berkligi aýratyn üns merkezinde saklanylmalydyr.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bu künjekdäki Gökdepe we Keýmir kör şaýollarynyň Arkadag şäherinde gurluşygy alnyp barylýan häzirki zaman demir ýol we awtomobil menzillerini baglanyşdyryp, döwrebap ýol-ulag düzümlerini emele getirjekdigini belledi. Munuň özi ýol-ulag düzüminiň bir bitewi ulgamynyň döredilmeginde aýratyn ähmiýetlidir.
Gahryman Arkadagymyz köpriniň açylyş dabarasyna hemmetaraplaýyn taýýarlyk görmek babatda degişli maslahatlaryny berip, bu ýerden Keýmir kör şaýoly bilen Arkadag şäherine tarap ugrady.
...Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine gelip, bu ýerde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň we Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowanyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.
Iş maslahatynyň barşynda D.Orazow döwlet derejesinde berilýän goldawlar we degerli maslahatlar üçin hormatly Prezidentimize, Gahryman Arkadagymyza hoşallyklaryny beýan etdi. Şeýle-de ol häzirki döwürde täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, lukmançylyk klasterine degişli desgalaryň gurluşyklary boýunça taýýarlanylan maksatnama, olaryň dowamynda ýerine ýetirilýän işleriň gidişi, gurluşyk, bezeg serişdeleriniň aýratynlyklary, olaryň hil derejesi barada maglumat berdi.
Gahryman Arkadagymyz şäheriň çäklerinde gurulýan we gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň abadanlaşdyrylyşyna, olaryň bezeg aýratynlyklarynyň döwrebap talaplara laýyk gelmegine möhüm üns berilmelidigini belledi. Şunda gurluşyk serişdeleriniň hili, berkligi, uzak möhletleýinligi bilen baglanyşykly meseleler yzygiderli gözegçilikde saklanylmalydyr.
Iş maslahatynyň dowamynda Arkadag şäheriniň häkimi Gülşat Mämmedowa Gökdepe şaýolunyň ugrunda bina edilen köpzolakly awtomobil köprüsiniň sähetli gün açylmagyna ak pata berendigi üçin täze şäheriň ähli ilatynyň adyndan Milli Liderimize hoşallyk bildirdi. Şeýle hem ol häzirki döwürde Arkadag şäherinde ýol-ulag düzümine degişli desganyň açylyş dabarasyna görülýän taýýarlyk we beýleki ugurlar boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Häkim Arkadag şäheriniň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan şanly seneleriň guramaçylyk derejesi, açylyş dabarasynyň maksatnamasy hakynda aýtdy.
Hormatly Arkadagymyz ýurdumyzda tutumly toýlaryň dabarasynyň belentden tutulýandygyny belläp, ýol-ulag düzüminiň möhüm desgasynyň açylyşy mynasybetli guraljak dabaralarda türkmen halkynyň taryhyň dowamynda döreden dünýä nusgalyk däpleriniň öz beýanyny tapmalydygyna ünsi çekdi. “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda” kesgitlenen wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda zerur tagallalar edilmelidir we bu ugurda alnyp barylýan işleriň mundan beýläk-de ösdürilmegine uly ähmiýet berilmelidir diýip, Milli Liderimiz nygtady we bu babatda degişli ýolbaşçylara öz maslahatlaryny berdi.
Gurbanguly Berdimuhamedow şeýle hem şäherde gurluşygy alnyp barylýan metjit bilen tanyşdy. Bu metjidiň gurluşygyna ýurduň we daşary ýurtlaryň raýatlarynyň gatnaşýandygy bellenildi. Gahryman Arkadag gurluşyga goşant goşýan ähli adamlara minnetdarlyk bildirdi we awtoulag çatrygynyň açylyş dabarasyna görülýän taýýarlyk bilen bagly görkezmeleri berdi.
744000, Türkmenistan, Aşgabat ş., Bagtyýarlyk etraby, Magtymguly şaýoly, 136 jaý
© 2025 Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkezi. Ähli hukuklar goralan.