Täzelikler
180
30-njy iýulda Arkadag şäherinde täze şaýoluň we döwrebap köpriniň açylyş dabarasy boldy. Durky düýpli täzelenen Gökdepe we Keýmir kör şaýollarynyň çatrygynda ýerleşýän köpriniň açylyş dabarasy belent ruha beslenen aýdym-sazlar bilen başlandy. Türkmen telekeçileri tarapyndan bina edilen köpriniň ikitaraplaýyn ýolunyň her tarapynyň gatnaw böleginiň ini 12 metrden gowrak bolup, onuň bölüji zolagynyň ini 5 metre deň. Köpriniň her tarapynda ýanýodalar we gök zolaklar bar.
Şeýle hem Gökdepe şaýoly bilen Keýmir kör şaýolunyň kesişýän ýerinde uzynlygy 627 metr, ini bolsa 29,5 metr bolan köpriniň boýunyň belentligi 9 metre barabar. Onuň üstünde we astynda ulaglaryň sazlaşykly hereketini üpjün edýän ýollar häzirki zaman talaplaryna laýyk derejede guruldy.
Döwrebap köpri bilen birlikde, Arkadag şäherinde häzirki zaman talaplary esasynda Keýmir kör şaýoly hem guruldy.
Dabaranyň dowamynda täze ýoldan gelnalyjy kerweni, şeýle-de Arkadag şäherinde täze dünýä inen ogul bäbegi alyp barýan awtoulag kerweni geçdi.
Medeniýet we sungat işgärleriniň joşgunly çykyşlary dabara gatnaşyjylaryň şatlygyna-şatlyk goşdy.
744000, Türkmenistan, Aşgabat ş., Bagtyýarlyk etraby, Magtymguly şaýoly, 136 jaý
© 2025 Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkezi. Ähli hukuklar goralan.