Täzelikler
194
Belarusyň öňdebaryjy uniwersitetleri — Belarus döwlet uniwersiteti (BDU) we Belarus milli tehniki uniwersiteti (BMTU) okuwyň gündizki görnüşi boýunça resminamalary kabul edip başlady.
Bu ýokary okuw mekdepleriniň Türkmenistandaky resmi wekili bolan «Bitewi Hyzmat» kompaniýasynyň habar bermegine görä, 15-nji awgustda onlaýn söhbetdeşlik geçiriler. Bu mümkinçilik arkaly dalaşgärler ýurduň çäginden çykmazdan, abraýly uniwersitetleriň birine okuwa girip bilerler.
Resminamalar şahsy ýa-da onlaýn görnüşde tabşyrylyp bilner. Arzanyň irgözinden tabşyrylmagy, islenilýän hünär ugry boýunça okuwa kabul edilmek mümkinçiligini artdyrýar.
BDU ynsanperwer, tebigy we jemgyýetçilik ylymlary boýunça ýokary hilli bilim berýär, ol halkara derejesinde tanalýar, okuw döwründe döwrebap bilim tehnologiýalaryny ulanýar we talyplaryň hysyrdyly hem gyzykly durmuşyna eýedir.
BMTU — GDA-nyň ýurtlarynda tehniki bilim boýunça öňdebaryjy uniwersitetleriň biri bolup durýar. Inženerçilik we tehnologik ugurlar boýunça ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlaýar we senagat pudagy bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk edýär.
«Bitewi Hyzmat» kompaniýasy dalaşgärlere doly hyzmatlaryny hödürleýär: ol maslahat bermeden başlap, resminamalaryň tabşyrylmagy hem-de talybyň okaýan tutuş döwründe goldaw bermegi öz içine alýar.
Giňişleýin maglumat almak we söhbetdeşlige ýazylmak üçin aşakdaky telefon belgisine jaň ediň:
+993 62 02 30 84
E-mail: bitevihyzmat@gmail.com
Kompaniýanyň edarasy Aşgabat şäheriniň «Syýahatçy» myhmanhanasynda ýerleşýär.
Kompaniýanyň sosial ulgamdaky sahypasyndaky täzelikleri hem yzygiderli yzarlaň!
744000, Türkmenistan, Aşgabat ş., Bagtyýarlyk etraby, Magtymguly şaýoly, 136 jaý
© 2025 Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkezi. Ähli hukuklar goralan.