Täzelikler
140
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirilýär. Daşary ýurtlaryň abraýly okuw mekdepleri bilen özara hyzmatdaşlyklar barha rowaçlanýar. Ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarydyr talyplary daşary ýurtlarda okuw iş saparlarynda bolup, hünär derejelerini kämilleşdirýärler.
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň 13-28-nji iýuly aralygynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň roman-german dilleri kafedrasynyň mugallymlary A.Mollaýewa, D.Nurýagdyýewa hem-de daşary ýurt edebiýaty kafedrasynyň mugallym-öwrenijisi Ş.Merdanowa Italiýa Respublikasynyň Perujanyň Daşary ýurtlylar üçin uniwersitetinde geçirilen italýan dili mugallymlary üçin hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlaryna gatnaşdylar. Şeýle okuw saparlary ýurtlaryň arasyndaky ylym-bilim gatnaşyklary ösdürmekde, bu ugurda ýola goýlan hyzmatdaşlygy berkitmekde örän ähmiýetlidir.
Peruja uniwersitetiniň professor-mugallymlarydyr hünärmenleri tarapyndan geçirilen umumy we söhbet sapaklarynyň dowamynda pikir alyşmalar arkaly oňa gatnaşyjylar italýan dilini okatmagyň döwrebap usullary, aýratynlyklary, bu ugurda sanly maglumatlaryň ulanylyşy bilen tanyşdylar. Italýan dili mugallymlarynyň grammatika, fonetika, leksikologiýa bilen bagly geçirilen sapaklarda alan bilimleri tejribede ulanmakda ähmiýetli bolar. Guralan okuwlar dünýä ýurtlaryndan gelen italýan dili mugallymlaryň arasyndaky ylym-bilim babatdaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine hem uly goşant goşdy. Italiýa Respublikasynyň şäherlerindäki medeniýetler we dil aýratynlyklary boýunça geçirilen sapaklar hem hünärmenler üçin gymmatly maglumatlara baý boldy.
Perujanyň daşary ýurtlylar üçin uniwersiteti Italiýanyň iň gadymy we abraýly ýokary okuw mekdebi bolup, diňe bir talyp ýaşlara ylym öwretmek, ylmy gözleg işlerini geçirmek bilen çäklenmän, daşary ýurtdan gelen talyplardyr hünärmenleriň italýan diline hem-de medeniýetine bolan garaýyşyny has-da kämilleşdirýär.
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti
744000, Türkmenistan, Aşgabat ş., Bagtyýarlyk etraby, Magtymguly şaýoly, 136 jaý
© 2025 Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkezi. Ähli hukuklar goralan.