Täzelikler
92
Akyldarlaryň aýdan bir sözi bar: «Arzuwlaryň nirede bolsa sen hem şol ýerde bolarsyň». Edilen arzuwlaram biziň Watanymyzda bolsa oňa ýetesi zat ýok. Çünki Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan Watanymyz arzuwlaryň hasyl bolýan ülkesi. Häzirki ajaýyp döwrümizde innowasion tehnologiýalaryň ösüşi durmuş hakykatyna öwrüldi. Bu günki ýaşlar iň ösen tehnologiýalary, sanly ulgamy ussatlyk bilen özleşdirýärler. Ähli ugurlar bilen bir hatarda, sanly ulgamyň hem ösdürilmegi ýaşlary buýsanja besleýär.
Heniz mekdep ýyllarynda okan wagtym tehniki hünär boýunça ýokary bilim alyp, Watanymyzyň ösüşine goşant goşjak ýaşlaryň biri bolup ýetişmegi arzuw edýärdim. “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda” Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň giriş synaglaryndan üstünlikli geçip, talyp adyna mynasyp boldum we öz öňümde goýan beýik maksadyma ýetdim. Nesip bolsa, geljekde hem döredijilik ukyplarymy kämilleşdirip, öwredilýän ylymlary we bilimleri düýpli özleşdirip, saýlap alan hünärimiň eýesi bolup, Watanyma, halkyma tüýs ýürekden hyzmat etjekdigime ynandyrýaryn.
Biz ýaşlara bilim almak üçin şeýle ajaýyp mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, umumadamzat ähmiýetli işleri rowaç bolsun!
Gowşakow Selim, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň 1-nji ýyl talyby
744000, Türkmenistan, Aşgabat ş., Bagtyýarlyk etraby, Magtymguly şaýoly, 136 jaý
© 2025 Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkezi. Ähli hukuklar goralan.