Täzelikler
113
«Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynda ýüregimde beslän arzuwlarym hasyl boldy. 2025-nji ýylda “Altyn asyryň altyn zehinleri” atly bäsleşikde fizika dersi boýunça Arkadag şäher tapgyrynda I oruna, 2024-2025-nji okuw ýylynyň “Soňky jaň” dabarasy mynasybetli Hormatly Prezidentimiziň “Magtymguly – dünýäniň akyldary” atly kitabyna, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň milli önümlerimiz bolan noutbuk we “Aýtab 10.1” atly planşetine Şa serpaýyna şeýle hem Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hormat hatyna mynasyp boldym. Çagalykdan takyk we tebigy ugurly derslere höwesim, özüme bolan ynamym, bu ugurdaky ukybymy kemala getirmäge uly ýardam etdi. Şu ýyl ýürek beslän arzuwlarymyň ýenede biri hasyl boldy. Ýagny Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň 1-nji ýyl talyby diýen buýsançly ada mynasyp boldum.
Gahryman Arkadagymyzyň kämil binagärlik eseri bolan, «Akylly» şäher konsepsiýasy esasynda gurlan Arkadag şäherinde milli we häzirki zaman binagärliginiň ösen tejribeleriniň utgaşdyrylmagy, iň ösen tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy, şol bir wagtyň özünde-de, milli gymmatlyklarymyzyň orun almagy şäheriň täsinligini, özboluşlylygyny, üýtgeşik gözelligini, kalbymyza ýakynlygyny şertlendirýär. Ynha şeýle ajaýyp şäherde okap, bilim almak, talyp bolmak bagty uly bagtdan nyşandyr. Arkadag şäheriniň gözel künjeginde ýerleşýän Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda atçylyk ulgamynda ady rowaýata öwrülen ahalteke bedewlerini ýetişdirmekde we seýislemekde halkymyzyň gadymdan gelýän köpasyrlyk däplerini dowam etdirjek, täze taryhy eýýamda pudagy ösdürmäge, ganatly bedewleriň şan-şöhratyny has-da artdyrmaga, mynasyp goşant goşjak ýokary derejeli hünärmenler taýýarlanylýar. Şol hünärmenleriň hatarynda meniň hem bolmagym giriş synaglaryny üstünlikli tabşyryp ýaşlaryň şäheri Arkadag şäherinde talyp bolmagym meni diýseň buýsandyrýar, begendirýär.
Goý, ýaşlara okamaga, döretmäge, kalbynda besleýän hünäriniň eýesi bolmaga giň ýol açan, türkmen ahalteke bedewiniň şan-şöhratyny dünýä ýaýýan Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
Mahym Durdyýewa
Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk
akademiýasynyň 1-nji ýyl talyby
744000, Türkmenistan, Aşgabat ş., Bagtyýarlyk etraby, Magtymguly şaýoly, 136 jaý
© 2025 Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkezi. Ähli hukuklar goralan.