Täzelikler
202
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň dabaralanýan günlerinde, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde ýurdumyzda bilim ulgamyny ösdürmek, halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek, dost-doganlyk gatnaşyklaryny berkitmek babatda giň gerimli işler üstünlikli alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda alnyp barylýan giň möçberli işler ýurdumyzda ýaşlaryň ylym, bilim we halkara tejribe gazanmak mümkinçiliklerini giňden açýar.
Şu ýylyň 3–9-njy awgusty aralygynda Malaýziýanyň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriniň biri bolan Malaýa uniwersitetinde «Future is Now» atly tomusky okuw maksatnamasy geçirilýär. Bu abraýly okuw maksatnamasyna ýurdumyzyň Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinden bir mugallym we bäş talyp gatnaşdylar. Maksatnamanyň dowamynda ýaşlar halkara derejesindäki döwrebap tejribeler, innowasiýalar we döredijilik mümkinçilikleri bilen ýakyndan tanyşdylar, täze bilimleri we ukyplary özleşdirdiler.
Bu möhüm başlangyç, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen Malaýa uniwersitetiniň arasynda 2024-nji ýylyň 18-nji dekabrynda gol çekilen Özara düşünişmek baradaky Ähtnamanyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň miwesidir. Bu Ähtnama ýokary okuw mekdepleriniň arasynda talyp we mugallym alyş-çalyşyny, bilelikdäki ylmy-barlag işlerini we bilim ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmegi maksat edinýär.
Ýaşlara şeýle mümkinçilikleri döredip berýändigi üçin türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýdýarys. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, ömürleri uzak bolsun we il-ýurt bähbitli alyp barýan işleri rowaçlyklara beslensin.
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti
744000, Türkmenistan, Aşgabat ş., Bagtyýarlyk etraby, Magtymguly şaýoly, 136 jaý
© 2025 Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkezi. Ähli hukuklar goralan.