Täzelikler
75
2025-nji ýylyň 3-13-nji awgustynda Özbegistanyň Samarkand şäherinde karate boýunça Merkezi Aziýa çempionatynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Balkanabat bölüminiň talyby Hemra Begjanow öz kategoriýasynyň finaldaky güýçli garşydaşlaryny ýeňip, altyn medala eýe boldy.
Çempionatda Türkmenistanly sportçylar özleriniň ussatlygyny we edermenliklerini görkezdiler. Hemra Begjanow, özboluşly çalt we taktiki akylly hereketleri bilen ähli garşylyklary üstünlikli ýeňip geçdi. Final görüşinde ol güýçli garşydaş bilen garşy gelse-de, bäsleşigiň iň güýçli ýeňijisi bolup, Türkmenistanyň adyny has hem belende göterdi.
Türgen Hemra Begjanow öň hem milli we halkara ýaryşlarda birnäçe gezek baýrakly orunlara mynasyp bolup, özüniň başarnygyny subut etdi. Bu altyn medal onuň sport karýerasynda täze bir ädimdigini we türkmen karatesiniň dünýä derejesinde ösýändigini tassyklaýar.
Halkara derejesinde geçirilýän bäsleşikdir olimpiadalara türkmen talyp ýaşlarynyň yzygiderli gatnaşyp, üstünlikli netijeleri görkezmekleri, eýýäm, biziň ýaşlarymyzyň ylyma, bilime, sungatadyr medeniýete we sporta bolan hujuwlaryny amal edip, ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan syýasatlaryna özleriniň saldamly goşantlaryny goşduklary bolýar. Çünki döwletimiziň geljegini ýaşlarda görýän Gahryman Arkadagymyz we Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýaşlarymyzyň ylymly, bilimli we giň dünýägaraýyşly şahsyýetler bolup ýetişmekleri üçin bimöçber aladalaryny ýaşlarymyza gönükdirýärler.
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz
uniwersitetiniň Balkanabat bölümi
744000, Türkmenistan, Aşgabat ş., Bagtyýarlyk etraby, Magtymguly şaýoly, 136 jaý
© 2025 Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkezi. Ähli hukuklar goralan.