Täzelikler
132
Ýurdymyzda milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek babatda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Şeýle tutumly işleriň rowaçlyklara beslenmegi ýurdumyzyň kitaphana ulgamynyň ösmegine we onda zähmet çekýän kitaphanaçylaryň hünär taýdan kämilleşmegine örän uly täsirini ýetirýär.
Ýaňy-ýakynda Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabynyň ýöriteleşdirilen 19-njy orta mekdebinde bilim işgärleriniň awgust maslahaty geçirildi. Geçirilen maslahatyň dowamynda mekdep kitaphanaçylarynyň hem usuly-amaly okuwlaryna giň orun berildi. Mekdep kitaphanaçylary Türkmenistanyň Milli Bilim instituty tarapyndan hödürlenen temalar esasynda çykyş etdiler. Çykyşlarda öňe sürlen teklipler maslahata gatnaşyjylar tarapyndan ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu bolsa täze okuw ýylyna güýçli depginler bilen taýýarlykly barylýandygynyň özboluşly alamaty boldy. Çykyşlarda ýurdumyzyň kitaphana ulgamy hakynda kabul edilen maksatnamalardan gelip çykýan kararlar we olary amala aşyrmakda geçirilmegi meýilleşdirilýän çäreler hem öz beýanyny tapdy.
Türkmen ýaşlarynyň aýdyň geljegi ugrunda bimöçber aladalary edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, şeýle hem hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýdýarys.
Bahar Ödekowa,
Balkan welaýatynyň Magtymguly etrap
bilim bölüminiň kitaphana işi boýunça hünärmeni.
744000, Türkmenistan, Aşgabat ş., Bagtyýarlyk etraby, Magtymguly şaýoly, 136 jaý
© 2025 Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkezi. Ähli hukuklar goralan.