Täzelikler
246
2025-nji ýylyň sentýabr aýynyň 3-ine Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň we Mary welaýat Polisiýa müdirliginiň Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugy bilen bilelikde gurnamagynda talyp ýaşlaryň arasynda “Ýol hereketiniň howpsuzlygy–ömrümiziň rahatlygy” atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda ýaşlara öwüt-ündew etmek, ýol hereketiniň howpsuzlygyny düşündirmek, köçe-ýol hereketiniň düzgünlerini doly we dogry berjaý etmelidigini nygtamak, ýol yşygyň ähmiýetini düşündirmek ýaly temalar boýunça birnäçe çykyşlar diňlenildi. Soňra bolsa wagyz-nesihat duşuşyga gatnaşyjylara ýol hereketiniň düzgünlerini berjaý edilmedik ýagdaýynda duçar bolnan ýol ulag hadysasy barada widoşekiller görkezildi. Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar döredilýän ähli mümkinçilikler üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş hem-de hoşallyk sözlerini aýtdylar.
Türkmenistanyň Döwlet Energetika inistituty
744000, Türkmenistan, Aşgabat ş., Bagtyýarlyk etraby, Magtymguly şaýoly, 136 jaý
© 2025 Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkezi. Ähli hukuklar goralan.