Täzelikler
116
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda sentýabr aýynyň 30-na «Halkara hyzmatdaşlyk: parahatçylygy we durnukly ösüşi berkitmegiň kepili» atly maslahat geçirildi. Çärä gatnaşyjylar Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk, parahatçylyk we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat ugruny biragyzdan goldamak bilen, halkara jemgyýetçiliginiň umumy maksatlaryna ýetmek üçin hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge taýýardyklaryny beýan etdiler.
Maslahata Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow, ýurduň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçylary we işgärleri, Türkmenistanda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, institutyň professor-mugallymlary we talyplary, şeýle hem ýerli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Çäräniň dowamynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow, BMG-niň Merkezi Aziýa boýunça öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň ýolbaşçysy Kaha Imnadze, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky Hemişelik wekili Narine Saakýan, ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekili Jalpa Ratna, şeýle hem Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň Türkmenistandaky ilçileri çykyş etdiler.
Raşid Meredow öz çykyşynda häzirki döwrüň wehimleriniň we howplarynyň şertlerinde Türkmenistanyň BMG bilen ýakyn hyzmatdaşlyga hem-de dünýäde onuň merkezi ornuny pugtalandyrmaga esaslanýan daşary syýasat ugruny yzygiderli ilerledýändigini belledi. «Geljegiň Paktyny» durmuşa geçirilmegiň meselelerine aýratyn üns berlip, Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji mejlisinde beýan eden ileri tutulýan garaýyşlarynyň onuň maksatlaryna we ýörelgelerine doly kybap gelýändigi nygtaldy.
Şunuň bilen baglylykda, ministr halkara hukugyny berkitmek boýunça ýurdumyzyň başlangyçlaryna, şol sanda 2028-nji ýyly «Halkara hukugyň ýyly» diýip yglan etmek baradaky teklibe hem-de dünýäde howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekde bitaraplygyň we öňüni alyş diplomatiýasynyň gurallaryny giňden ulanmagyň ähmiýetine aýratyn üns çekdi.
Maslahatda çykyş edenler Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynda öňe süren başlangyçlaryň häzirki zaman sebit we ählumumy hyzmatdaşlygynyň gün tertibini kemala getirýändigini bellediler. Olaryň durmuşa geçirilmegi dünýäde parahatçylygy we durnuklylygy pugtalandyrmaga, durnukly ulag we energetika ulgamyny ösdürmäge, sanly integrasiýany ilerletmäge, daşky gurşawy goramaga we tebigy serişdelerden oýlanyşykly peýdalanmaga, şeýle hem howanyň üýtgemegine garşy göreşmäge gönükdirilendir.
744000, Türkmenistan, Aşgabat ş., Bagtyýarlyk etraby, Magtymguly şaýoly, 136 jaý
© 2025 Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkezi. Ähli hukuklar goralan.