Täzelikler
101
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 1-nji oktýabrda Hytaýyň Başlygy Si Szinpine, Döwlet Geňeşiniň Premýeri Li Sýana, şeýle hem ýurduň dostlukly halkyna Hytaý Halk Respublikasynyň jar edilen güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Döwlet Baştutanymyz Hytaýyň soňky ýyllarda ykdysady ösüşde we halkyň abadançylygyny ýokarlandyrmakda ýeten sepgitlerine ünsi çekip, dostlukly ýurtda hytaý döwrebaplaşmasyny ilerletmek boýunça özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini nygtady.
“Türkmenistan Hytaý Halk Respublikasy bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly ähmiýet berýär. Biziň ýurtlarymyz halkara giňişlikde birek-birege özara goldaw berýärler, her ýyl söwda dolanyşygy artýar, medeni alyşmalar höweslendirilýär” diýlip, hatda bellenilýär.
Hormatly Prezidentimiz mümkinçilikden peýdalanyp, Hytaýyň ýolbaşçylaryna berk jan saglyk, bagtyýarlyk, alyp barýan döwlet işlerinde üstünlikleri, Hytaýyň halkyna bolsa parahatçylyk, rowaçlyk we abadançylyk arzuw etdi.
744000, Türkmenistan, Aşgabat ş., Bagtyýarlyk etraby, Magtymguly şaýoly, 136 jaý
© 2025 Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkezi. Ähli hukuklar goralan.