Täzelikler
93
Türkmenistan Azerbaýjanyň Gänje şäherindäki merkezi stadionda geçirilen GDA ýurtlarynyň III Oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.
Sport çäresine gatnaşyjylary we myhmanlary Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew mübärekläp çykyş etdi. Açylyş dabarasynyň guramaçylary sazly we tansly çykyşlary hödürlediler, şeýle hem bu oýunlary guraýan ýurduň taryhyny we medeniýetini şöhlelendirýän köpçülikleýin sahna çykyşlaryny taýýarladylar. Stadion boýunça dabaraly ýörişde her bir gatnaşyjy ýurduň wekiliýeti geçdi. Türkmenistanyň baýdagyny basketbolçy Şakir Sünnetow göterdi.
Türkmenistanyň wekiliýetiniň düzümine 41 türgen girýär, olar ýedi sport görnüşi boýunça bäsleşerler. Türkmen türgenleri 3x3 basketbol, boks, karate, ok atmak, ýüzmek, taekwondo we göreş boýunça çykyş ederler.GDA ýurtlarynyň III Oýunlary Azerbaýjanyň Gänje, Ýewlah, Mingeçewir, Gabala, Şeki, Geýgele we Hankendi şäherlerindäki 12 sport desgasynda geçirilýär. Bäsleşikler 8-nji oktýabra çenli dowam eder.
Bu sport forumyna 13 ýurtdan: Azerbaýjandan, Belarusdan, Russiýadan, Özbegistandan, Gazagystandan, Täjigistandan, Gyrgyzystandan, Türkmenistandan, Türkiýeden, Kubadan, Kuweýtden, Pakistandan we Omandan 23 ýaşa çenli 1624 türgen gatnaşýar.
Bu barada Turkmenportal habar berýär.
744000, Türkmenistan, Aşgabat ş., Bagtyýarlyk etraby, Magtymguly şaýoly, 136 jaý
© 2025 Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkezi. Ähli hukuklar goralan.