Täzelikler
90
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirilýär. Gahryman Arkadagamyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýaş nesliň döwrüň talaplaryna laýyklykda bilim almagy, hünär we ylym öwrenmegi, sagdyn bolmagy,
edep-terbiýeli, ata Watana, il-güne, merdana ata-babalarymyzyň ynsanperwer ýörelgelerine wepaly adamlar bolup ýetişmegi üçin giň gerimli özgertmeler amala aşyrylýar.
Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarydyr talyp ýaşlary daşary ýurtlaryň baýry ýokary okuw mekdepleri bilen baglaşylan ylalaşyklaryň we ähtnamalaryň esasynda, daşary ýurtlarda iş we okuw saparlarynda bolup, hünärlerini kämilleşdirýärler. Şu nukdaýnazardan, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň Gündogar dilleri we edebiýaty fakultetiniň taýýarlygyň pedagogika bilimi (ýapon dili, türkmen dili we edebiýaty) ugrunyň talyby “Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty bilen Ýaponiýanyň Sukuba uniwersitetiniň arasynda bilim ulgamynda alyş-çalyş etmek we hyzmatdaşlygy saklamak hakynda Ylalaşygyň” çäklerinde, 1 (bir) ýyl möhlet bilen Sukuba uniwersitetine okuwa ugradyldy.
Mundan başga-da, Ýaponiýanyň Bilim, medeniýet, sport, ylym we tehnologiýa ministrliginiň (MEXT) 2025-2026-njy okuw ýyly üçin yglan eden “Ýapon dili we ýapon medeniýeti” atly bir ýyllyk okuw maksatnamasy boýunça geçirilen synaglardan üstünlikli geçen Gündogar dilleri we edebiýaty fakultetiniň taýýarlygyň pedagogika bilimi (ýapon dili, türkmen dili we edebiýaty) ugrunyň talyby 1 (bir) ýyl möhlet bilen Ýaponiýa okuw saparyna ugradyldy.
Şeýle okuw saparlary ýurtlaryň arasyndaky ylym-bilim gatnaşyklary ösdürmekde, bu ugurda ýola goýlan hyzmatdaşlygy berkitmekde, talyp ýaşlaryň kämil hünärmenler bolup kemala gelmeginde uly tejribe mekdebi bolup durýar.
Türkmen ýaşlarynyň ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, ýokary ahlakly,
kämil nesiller bolup ýetişmegi ugrunda uly tagallalary edýän Ýaşlaryň
Hak Howandarlary Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş aýdýarys. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, beýik işleri diňe rowaçlyklara beslensin!
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty
744000, Türkmenistan, Aşgabat ş., Bagtyýarlyk etraby, Magtymguly şaýoly, 136 jaý
© 2025 Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkezi. Ähli hukuklar goralan.