Täzelikler
81
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda bilim ulgamynda üstünlikli durmuşa geçirilýän döwrebaplaşdyrmak syýasaty hem-de watansöýüji, sagdyn, hemmetaraplaýyn ösen, bilimli ýaş nesli terbiýelemek boýunça amala aşyrylýan giň gerimli işler özüniň ýokary netijesini berýär.
Milli ýörelgelere we dünýäniň ösen tejribesine laýyklykda, okuw maksatnamalarynyň, kitaplaryň hem-de gollanmalaryň mazmuny we
ylmy-usulyýet ugurlary kämilleşdirilýär. Sanly bilim ulgamy yzygiderli ösdürilýär. Bilim edaralaryny zerur okuw kitaplary, gollanmalar bilen üpjün etmek, täze tehnologiýalary we halkara ölçeglere gabat gelýän öňdebaryjy okuw-tehniki enjamlary ornaşdyrmak boýunça ägirt uly işler durmuşa geçirilýär.
Ýaňy-ýakynda ýokary okuw mekdepleriniň talyplary, şeýle hem iňlis dili bilen gyzyklanýanlar üçin synaglara taýýarlyk görmek boýunça bilim ulgamynyň ýörite hünärmenleri tarapyndan tassyklanan «Module Exams Guide» atly täze gollanma (awtory: Myrat Mälikow) çapdan çykdy.
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty tarapyndan esaslandyrylan «Module Exams Guide» atly test görnüşli gollanma iňlis dili hünäriniň talyplaryna we iňlis dilini öwrenijilere synaglary üstünlikli tabşyrmaklaryna uly ýardam eder. Bu okuw gollanmasy jogaplary bar bolan, giň gerimli hem-de CEFR (dil başarnyklaryna baha bermegi standartlaşdyrmak üçin Ýewropa Geňeşi tarapyndan işlenip düzülen halkara ulgam) ülňülerine laýyk gelýän testleri öz içine alýar. Oxford English File kitabynyň 4-nji neşiriniň mazmunynyň esasynda işlenip taýýarlanylan bu gollanmada grammatikada, leksikada hem-de sözleýişde ýüze çykýan meseleleriň üstünde durlup geçilýär.
Döwür bilen aýakdaş gidip, ylmyň iň täze gazananlarynyň okuw işine ornaşdyrylmagy, ýurdumyzyň gülläp ösüşine mynasyp goşant goşýan hünärmenleriň taýýarlanylmagy ugrunda giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, beýik işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty
744000, Türkmenistan, Aşgabat ş., Bagtyýarlyk etraby, Magtymguly şaýoly, 136 jaý
© 2025 Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkezi. Ähli hukuklar goralan.