Täzelikler
73
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty tarapyndan «Sport – parahatçylygyň ilçisi» atly halkara ylmy-amaly maslahatyň çykyşlarynyň gysgaça beýanynyň ýygyndysy neşir edildi. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanyp neşir edilen «Sport – parahatçylygyň ilçisi» atly halkara ylmy-amaly maslahatyň çykyşlarynyň gysgaça beýany Hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň sport diplomatiýasy arkaly halkara hyzmatdaşlygyny, dost-doganlygy, ynanyşmagy we parahatçylygy pugtalandyrmak barada alyp barýan döwlet syýasatyny giňden wagyz edýär. Ylmy ýygyndy Özbegistanyň, Türkiýe Respublikasynyň, Russiýa Federasiýasynyň, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň, Rumyniýanyň, Gazagystan Respublikasynyň, Belarus Respublikasynyň, Azerbaýjanyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Ermenistan Respublikasynyň, şeýle hem ýurdumyzyň ylym-bilim, sport ulgamynyň wekilleriniň, professor-mugallymlaryň, alymlarynyň, tälimçileriň häzirki zaman sportunyň we sport babatdaky hyzmatdaşlygyň ýetilen ýokary derejeleri barada çykyşlaryndan ybaratdyr.
«Bitaraplyk we sport ýörelgeleri dostlugy hem-de parahatçylygy wagyz edýär», «Olimpizm filosofiýasy we sagdyn durmuş ýörelgelerini terbiýelemek» we «Bedenterbiýe we sportda innowasion tehnologiýalar» ýaly temalardan taýýarlanylan ylmy çykyşlar ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlaryna, talyplaryna, sport tälimçilerine, hünärmenlerine we türgenlere, şeýle hem giň okyjylar köpçüligine niýetlenendir. «Sport – parahatçylygyň ilçisi» atly halkara ylmy-amaly maslahatyň çykyşlarynyň gysgaça beýanyny Google Scholar platformasyndan okap bilersiňiz.
Arslan MYRADOW,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň
Ylym bölüminiň hünärmeni.
744000, Türkmenistan, Aşgabat ş., Bagtyýarlyk etraby, Magtymguly şaýoly, 136 jaý
© 2025 Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkezi. Ähli hukuklar goralan.