
Täzelikler
719

Öň habar berişimiz ýaly, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň wekili A. Hydyrow Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet Departamenti tarapyndan gurnalan “Halkara söwda, ösüş we maliýe” atly okuw maksatnamasyna gatnaşýar. Bu maksatnama döwlet dolandyryşynyň dürli ugurlary boýunça dünýäniň 30-dan gowrak ýurdundan wekilleri birleşdirýär. Okuw maksatnamasy Waşington, Filadelfiýa, Rino, Dallas we Orlandо şäherlerinde geçirilýär.
Maksatnama ABŞ-nyň paýtagty Waşington şäherinde başlandy. Ol ýerde gatnaşyjylar ABŞ Söwda edarasynyň, Amerikanyň söwda syýasaty boýunça jemgyýetçilik çözgütlerini öwrenýän “Cato Institute” guramasynyň hem-de häzirki zaman global kynçylyklar, syýasy-ykdysady strategiýalar we howpsuzlyk syýasaty boýunça meseleleri öwrenýän “Atlantic Council” guramasynyň wekilleri bilen duşuşdylar. Şeýle hem kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek boýunça Geňeşiniň direktory hanym Karen Kerrigan bilen duşuşyk geçirildi.
Duşuşyklaryň esasy mowzuklary ABŞ-nyň federal gurluşy we döwlet dolandyryşy; söwda we ykdysady hyzmatdaşlyk — daşary syýasatyň esasy bölegi hökmünde; tarifler, kwotalar we sanksiýa syýasaty; söwda boýunça strategik kararlar kabul etmegiň gurallary; hususy telekeçiligi goldamak we daşary maýa goýumlaryny çekmek boýunça döwlet syýasaty; ABŞ-nyň ykdysady birleşikleri we bloklary, şeýle hem dünýä ykdysadyýeti üçin täzelenýän ykdysadyýetiň mümkinçilikleri boldy.
Maksatnama Filadelfiýa şäherinde dowam etdi. Ol ýerde gatnaşyjylar Filadelfiýa şäheriniň Söwda edaralarynyň wekilleri bilen duşuşdylar we maglumat hem-de innowasiýa tehnologiýalary merkezi bolan ITIF (Information Technology and Innovation Foundation) guramasyna baryp gördüler. Duşuşyklarda gatnaşyjylar daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmegiň usullary, adam kapitalyny we işewürlik gözleglerini ösdürmekde uniwersitetleriň roly, şäheriň “start-up” maksatnamasy we innowasion tehnologiýalaryň işewürlik hem-de daşky gurşaw üçin mümkinçilikleri bilen tanyşdylar.
Soňra gatnaşyjylar Newada ştatynyň Rino şäherine ugradlar. Ol ýerde Neývada welaýatynyň ykdysady ösüş dolandyryşynyň Günbatar bölüminiň direktory Aleks Başus we Newada welaýatynyň kiçi işewürlik ösüş merkeziniň jemgyýetçilik taslamasynyň dolandyryjysy Bredford Skribner bilen duşuşyk geçirildi. Şeýle hem gatnaşyjylar Rino şäheriniň Söwda-senagat edarasynda bolup gördüler.
Duşuşyklaryň esasy mowzuklary Newada ştatynyň, hususan-da Rino şäheriniň ykdysadyýetini dürsleşdirmek, şäher üçin daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek, innowasiýalar, telekeçiligi ösdürmek üçin ykdysady höweslendirmeler we üstünlikli işläp duran işewürlik ekosistemasy döretmek hem-de ýerli harytlary halkara bazarlaryna çykarmagyň usullary boldy.
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň wekili A. Hydyrow maksatnamanyň çäginde gatnaşyjylara ýurdumyzyň işewürlik alyp barmak üçin amatly şertleri barada giňişleýin maglumat berdi. Bu nukdaýnazardan maksatnama gatnaşyjylary hususy sektory höweslendirmäge, importyň ornuny tutmaga we milli önümleriň dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen giň maýa goýum mümkinçilikleri we birnäçe başlangyçlar bilen tanyşdyryldy. Şeýle hem döwlet-hususy hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň aýratyn orny barada hem gürrüň edildi. Mundan başga-da, ýurtda hususy eýeçilige degişli täze ýokary okuw mekdebi — Senagatçylar we telekeçiler halkara uniwersitetiniň açylandygy barada maglumat berildi.
Okuw maksatnamasy oktýabryň 25-ne çenli Dallas we Orlandо şäherlerinde dowam eder.
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti
744000, Türkmenistan, Aşgabat ş., Bagtyýarlyk etraby, Magtymguly şaýoly, 136 jaý
© 2025 Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkezi. Ähli hukuklar goralan.