
Täzelikler
779

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň halk maslahatynyň başlygy Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň bilim ulgamy ösüşiň täze belentliklerini nazarlaýar. Milli maksatnamalarymyzyň bilim ugurly başlangyçlary hem çalt depginler bilen durmuşa geçirilýär. Bu aýdanlarymyzy bolsa, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde, şol sanda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde alnyp barylýan işler aýdyňlygy bilen subut edýär.
Hormatly Prezidentimiziň “Bilim ähli ösüşlerimiziň, bagtyýarlygymyzyň we abadançylygymyzyň binýady, beýik geçmişimiziň hem-de geljegimiziň röwşen ýoludyr” diýen sözlerinden ugur alyp, bilime teşne, ylyma yhlasly ýaşlary ylym-bilim dünýäsine aralaşdyrmak we kärine ökde hünärmenler edip ýetişdirmek maksady bilen Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde 2025-nji ýylyň oktýabr aýynyň 20-sinde ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň hem-de daşary ýurtlaryň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda internet arkaly 2-nji Halkara ykdysadyýet olimpiadasy, şeýle-de 2-nji Halkara filosofiýa olimpiadasyna badalga berildi. Häzirki wagtda olimpiada gyzgalaňly ýagdaýda onlaýn görnüşde dowam edýär.
Halkara filosofiýa we halkara ykdysadyýet olimpiadasy talyplaryň tebigy zehin-başarnyklaryny ösdürmek, dost-doganlygy berkitmek arkaly giň dünýägaraýyşly öňdebaryjy ýaşlary kemala getirmek, ýaş nesilleri ylym we döredijilik bilen işjeň meşgullanmaklaryna höweslendirmek, olaryň intellektual ösüşi bilen bagly hünär saýlamaklaryna oňyn şertleri döretmek maksady bilen geçirildi. Halkara Olimpiadanyň resmi iş dilleri – türkmen, rus, iňlis dilleri bolup, ol şahsy bäsleşik görnüşinde I (bir) tapgyrda A we B derejede geçirildi. Halkara filosofiýa olimpiadasynda A derejä okaýan hünäri filosofiýa, taryh we beýleki jemgyýetçilik taýýarlyk ugury bolan talyplar, B derejä islendik hünärde okaýan talyplar gatnaşdylar. Edil şonuň ýaly halkara ykdysadyýet olimpiadasynda hem A derejä okaýan hünäri ykdysadyýet we dolandyryş, statistika taýýarlyk ugurly talyplar, B derejä bolsa islendik hünärde okaýan talyplar gatnaşdylar. Olimpiada gatnaşmaga isleg bildirýän talyplar we olaryň topar ýolbaşçylary https://iuhd.edu.tm/competitions internet sahypasynda hasaba alyndylar.
Maglumat hökmünde nygtap geçsek, häzirki wagtda Halkara filosofiýa we halkara ykdysadyýet olimpiadasyna gatnaşmak üçin Türkmenistan ýurdumyzÖzbegistan, Täjigistan, Ermenistan, Kuba, Türkiýe, Kipr, Komboja, Russiýa, Kenýa, Gyrgyzystan, Amerikanyň birleşen ştatlary, Morokko, Polşa, Rumyniýa, Indoneziýa ýaly ençeme ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary halkara olimpiada gatnaşmaga uly isleg bildirip, https://iuhd.edu.tm/competitions internet sahypasynda hasaba alyndy. Olimpiada oktýabr aýynyň 24-ine çenli dowam edýär.
Şeýle halkara derejeli bäsleşikleriň onlaýn we onlaýn däl görnüşde biziň ýurdumyzda yzygiderli geçirilmegi eziz Diýarymyzyň bilim ugurly başlangyçlarynyň ösüşiň täze belentliklerini nazarlaýandygyny görkezýär
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti
744000, Türkmenistan, Aşgabat ş., Bagtyýarlyk etraby, Magtymguly şaýoly, 136 jaý
© 2025 Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkezi. Ähli hukuklar goralan.