
Täzelikler
165

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwrüniň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynda ýurdumyzyň beýleki ugurlary bilen bir hatarda sport ulgamyny ösdürmäge, sagdyn bedenli, giň dünýägaraýyşly ýaşlary kemala gelmegi ugrunda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda uly tutumly işler amala aşyrylýar. Ýurdumyzyň her bir künjeginde köpugurly sport toplumlarynyň gurulmagy, ulanylmaga berilmegi Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň türkmen ýaşlary hakyndaky atalyk aladalaryndan aýdyň nyşandyr.
Diňe bir öz ýurdumyzyň çäginde halkara derejesinde sport ýaryşlarynyň geçirilmegi bilen çäklenmän, sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanýan türgenleriň dünýä döwletlerinde geçirilýän ýaryşlara gatnaşmaklaryna giň mümkinçilikleriň döredilmegi hem Hormatly Prezidentimiziň türkmen ýaşlary hakyndaky atalyk aladalarynyň aýdyň miweleridir.
2025-nji ýylyň oktýabr aýynyň 22-28-i aralygynda Bangladeş döwletiniň paýtagty Dakka şäherinde sportuň woleýbol görnüşi boýunça (CAVA Men’s Nation’s Cup 2025 Aziýa döwletleriniň milli ýygyndylarynyň arasynda Halkara ýaryşy geçirildi. Ýaryşa Bangladeş, Türkmenistan, Owganystan Yslam Respublikasy, Şri-Lanka, Maldiw we Nepal döwletleri gatnaşyp, her bir geçirilen oýun diýseň çekeleşikli geçdi. Ildeşlerimiz 5 tapgyrdan son 14 utuk bilen ýaryş jedwelinde I orun eýeläp finala çykmagy başardy. Final oýuny biziň ýigitlerimiz Owganystan Yslam respublikasynyň milli ýygyndysyna garşy oýnap, 3-2 hasap bilen ýeňip Aziýa döwletleriniň milli ýygyndylarynyň arasynda Halkara ýaryşyň Çempiony diýen mynasyp ada eýe bolmagy başardylar.
Her bir ugurdaky yhlas siňdirilip amala aşyrylýan işleriň sakasynda durup, olara ruhy ganat berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, ähli tutumly işleri rowaçlyklara beslensin.
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Talyplar Sport klubynyň başlygy Ataýew Watan
744000, Türkmenistan, Aşgabat ş., Bagtyýarlyk etraby, Magtymguly şaýoly, 136 jaý
© 2025 Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkezi. Ähli hukuklar goralan.