
Täzelikler
163

Türkmenistan halkara ülňülerine laýyk gelýän, döwrebap we ilerleýän bilim gurşawyny döretmäge aýratyn ähmiýet berýär. Häzirki döwürde bilim ulgamynyň hilini ýokarlandyrmak, okuw maksatnamalaryny kämilleşdirmek, innowasion pedagogik usullary ornaşdyrmak hem-de mugallymlaryň hünär taýdan kämilleşmegi üçin giň mümkinçilikleri döretmek ugrunda uly işler amala aşyrylýar. Türkmenistan ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak, olaryň hünär ussatlyklaryny yzygiderli ýokarlandyrmak maksady bilen halkara hyzmatdaşlygyny dowamly ösdürýär. Şeýle hem ýurdumyz abraýly halkara guramalary we köp sanly döwletler, şol Russiýa Federasiýasy bilen hem özara bähbitli gatnaşyklary giňeldýär.
Şu ugurda, şu ýylyň 20-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hem-de Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň guramagynda Aman Kekilow adyndaky mugallymçylyk mekdebinde ýurdumyzyň mugallymlary üçin hünär derejesini ýokarlandyryş boýunça usuly-amaly okuwlar geçirildi. Bu okuwlary Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Naberežnyýe Çelny Döwlet Pedagogik Uniwersitetiniň professor-mugallymlary alyp bardylar.
Okuwlaryň maksady mugallymlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak, olaryň pedagogik ussatlygyny ösdürmekden ybarat boldy. Oňa Aşgabat hem-de Arkadag şäherlerinden, ähli welaýatlardan, ýokary okuw jaýlaryndan, ýöriteleşdirilen okuw-terbiýeçilik merkezlerinden we beýleki bilim edaralaryndan mugallymlar gatnaşdylar.
Hünär taýdan kämilligi hem-de aragatnaşyk medeniýetini ösdürmäge bagyşlanan bu okuw meniň üçin aýratyn ähmiýetli hem-de ruhy taýdan baýlaşdyryjy tejribe boldy. Sapaklaryň dowamynda häzirki zaman mugallymynyň wezipesiniň düýp manysyna täzeden garamak, we okatmagyň hilini ýokarlandyrmaga gönükdirilen amaly gurallary özleşdirmek ýaly mümkinçilikleri döredildi. Bu okuwlar diňe bir nazary taýdan pikirlenmäge däl, eýsem netijeli tejribe alyşmaga mümkinçilik berdi.
Okuwlaryň dowamynda birnäçe mowzuklar ara alnyp maslahatlaşyldy. Birinji mowzuk — «Talyp şahsyýetiniň ösüşinde häzirki zaman mugallymynyň hünär taýýarlygynyň we başarnyklarynyň ähmiýeti» — mugallymyň talyplaryň şahsy hem-de intellektual ösüşindäki möhüm orny barada düşünjämi has-da çuňlaşdyrdy. Häzirki zaman mugallymy diňe bir bilim beriji däl, eýsem öwrenijä ýol görkeziji, ruhlandyryjy. Sesiýalarda mugallymyň yzygiderli öz-özüni kämilleşdirmeginiň üstünlikli okuw netijeleri üçin zerur şertdigine aýratyn üns berildi. Bu bolsa meni hem öz işime has ulgamlaýyn çemeleşmäge we ömürboýy öwreniş ýörelgesine eýermäge ruhlandyrdy.
Ýene bir mowzuklaryň biri — «Mugallymyň aragatnaşyk medeniýetiniň esaslary we pedagogik aragatnaşygyň täsirli usullary» — bilim prosesinde aragatnaşygyň örän möhüm orny bardygyny görkezdi. Mugallymyň aragatnaşyk medeniýeti sözleýişiň takyklygynda, duýgurlylykda, empatiýada we özara hormat gurşawyny döretmek başarnygynda ýüze çykýar. Şeýle hem okuwlaryň dowamynda POPS usuly (Position – Explanation – Example – Summary) bilen tanyşdyk. Bu usul pikiri delillendirmek we düşündirmek üçin aýdyň gurluş döredýär, şeýlelikde, logiki pikirlenmä, aýdyň çykyş etmäge we diňleýji bilen täsirli aragatnaşyk gurmaga ýardam edýär.
Okuwlaryň dowamynda gatnaşyjy mugallymlar tejribe alyşmak, öz işinde täze pedagogik çözgütleri ulanmak baradaky pikirleri paýlaşdylar. Şeýle işjeň pikir alyşmalar, bilelikdäki meseleleriň çözgüdi we pikirleriň paýlaşylmagy meniň üçin örän peýdaly hem täsirli boldy.
Netijede, bu okuwlar häzirki zaman mugallymynyň üstünlik gazanmagynyň esasy şerti hökmünde ömürboýy öwrenmäge ygrarlylygy, açyk aragatnaşyk gurmak başarnygyny we ähli ugurlarda kämillige ymtylmagy ýene-de bir gezek tassyklady.
Okuwlary üstünlikli tamamlan gatnaşyjylara halkara nusgadaky şahadatnamalar gowşuryldy.
Bize şeýle mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz minnetdarlygymyzy bildirýäris. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňdengörüjilikli ýolbaşçylygy, milli bilim ulgamyny ösdürmekde edýän tagallalary her bir mugallymy rowaçlyga, eziz Watanymyzyň bagtyýar geljegine mynasyp goşant goşmaga ruhlandyrýar.
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty,
Iňlis filologiýasy kafedrasynyň mugallym-öwrenijisi
Mähriban Tekemämmedowa
744000, Türkmenistan, Aşgabat ş., Bagtyýarlyk etraby, Magtymguly şaýoly, 136 jaý
© 2025 Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkezi. Ähli hukuklar goralan.