
Täzelikler
16

Akylly tilsimatlar, öňdebaryjy tehnologiýalar we täze innowasiýalar bilen meşgullanýan ýaşlary ýüze çykarmak hem-de olary höweslendirmek maksady bilen Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi tarapyndan her ýylda geçirilýän «Sanly çözgüt – 2025» atly innowasion taslamalaryň nobatdaky bäsleşiginiň saýlama tapgyry dowam edýär.
Bu bäsleşikde sanly ykdysadyýeti ösdürmekde täze pikirleri oýlap tapmaga we tehnologiýanyň ösüşi bilen deň kämilleşmäge ymtylýan ýaşlar bäsleşigiň dürli şertleri boýunça özleriniň başarnyklaryny we ussatlygyny görkezýärler.

Bäsleşik yglan edilen gününden bäri, ýurdumyzyň talyp we okuwçy ýaşlarynyň hem-de tehnologiki özgertmeler bilen gyzyklanýan höwesjeňleriniň 350-den gowrak sanly taslamalary gelip gowuşdy.

Şu günler, Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň edara binasynda ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryryş edaralarynyň wekillerinden ybarat emin agzalartopary ýaşlaryň işläp düzen sanly çözgütlerine bäsleşigiň tassyklanan düzgünnamasyna esaslanyp baha berýärler.

Ýaşlar bolsa öz gezeginde akylly robotlar, wirtual kömekçiler, ýüzi tanamak ulgamlary, el telefonlaryndan we ses arkaly dolandyrylýan elektron enjamlar ýaly sanly çözgütler iişläp düzmekde özleriniň başarnyklaryny görkezýärler.

Bu bäsleşik ýurdumyzda sanly intellektual tehnologiýalary we usullaryny kämilleşdirilmek, önümçiligi uzak aralykdan dolandyrmak we sanly hyzmatlar ulgamynyň gerimini giňeltmekbilen ýaş alymlara hem-de talyp ýaşlara özleriniň taýýarlan täze sanly çözgütlerini durmuş-ykdysady şertlerine ornaşdyrmaga mümjinçilik ýerýär.
Çeşmesi: Orient
744000, Türkmenistan, Aşgabat ş., Bagtyýarlyk etraby, Magtymguly şaýoly, 136 jaý
© 2025 Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkezi. Ähli hukuklar goralan.