
Täzelikler
182

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Hasyl toýunyň öň ýanynda 2025-nji ýylyň 5-nji noýabrynda Türkmenistanyň Bilim ministrligi we Ahal welaýat häkimliginiň gurnamagynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň döwlet usuly merkezi bolan Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Berdimuhamet Annaýew adyndaky maglumat tehnologiýalary, programmirlemek we kiberhowpsuzlyk ugruna ýöriteleşdirilen 27-nji orta mekdebinde “Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyna” laýyklykda, mekdep okuwçylarynda tebigy bilimler babatdaky sowatlylygy kemala getirmegiň we ösdürmegiň usullary” atly ylmy-usuly maslahat geçirildi.
Maslahata gatnaşyjylar mekdep muzeýindäki eksponatlary synladylar. Döwlet Baştutanlarymyzyň atalyk kitaplaryndan düzülen kitap sergisine syn etdiler.
Maslahatyň başynda mekdebiň müdiri Ogulşat Durdyýewanyň çykyşy diňlenildi. Soňra usuly-amaly maslahat bellenilen bölümçelerde dowam edip, TMBI-niň Mekdebe çenli terbiýe we başlangyç bilim bölüminiň uly ylmy işgäri G.Nuryýewanyň, Akbugdaý etrabynyň ýöriteleşdirilen 27-nji orta mekdebiniň ýokary derejeli başlangyç synp mugallymy K.Begiýewanyň, Aşgabat şäheriniň Ruhnama adyndaky ýöriteleşdirilen 28-nji orta mekdebiň biologiýa mugallymy A.Gurbanowanyň, mekdebiň geografiýa mugallymy G.Guwanjowanyň, TMBI-niň Bilim işgärleriniň hünärini kämilleşdiriş bölüminiň esasy ylmy işgäri M.Ýarbazowyň hem-de etrabyň 15-nji orta mekdebiniň mugallymy R.Orazberdiýewiň çykyşlaryna giňişleýin orun berildi.
Usuly-amaly maslahatda çykyş edenler “Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyna” laýyklykda, mekdep okuwçylarynda tebigy-ylmy sowatlylygy kemala getirmekde öňdebaryjy halkara tejribelerini peýdalanmagyň usullary, biologik, ekologik bilimler babatdaky sowatlylygy kemala getirmegiň usullary hem-de olaryň tebigy we takyk dersler boýunça okuw sapaklarynda tebigy-ylmy sowatlylygy ösdürmekde wideo ýazgylary ulanmagyň usullary boýunça degişli maslahatlary berdiler.
Maslahatda çykyş edenler ýaş nesillere döwrebap bilim-terbiýe bermek boýunça döredilýän giň mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.
Ogulşat Durdyýewa
Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň
Berdimuhamet Annaýew adyndaky
maglumat tehnologiýalary, programmirlemek we
kiberhowpsuzlyk ugruna ýöriteleşdirilen
27-nji orta mekdebiň müdiri
744000, Türkmenistan, Aşgabat ş., Bagtyýarlyk etraby, Magtymguly şaýoly, 136 jaý
© 2025 Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkezi. Ähli hukuklar goralan.