
Täzelikler
430

Ýurdumyzda Bitaraplyk hukuk derejämiziň 30 ýyllyk taryhy şanly senäniň hormatyna 2025-nji ýyl — «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi Mary welaýatynyň çagalar bakja-baglarynyň bilim-terbiýeçilik işgärlerine uly badalga boldy.
ÝUNESKO-nyň howandarlygyndaky Mekdebe çenli terbiýe boýunça bütindünýä guramasynyň («Organisation Mondiale pour L'Education Pre-Scolaire») Russiýa federasiýasynyň komiteti tarapyndan “Uly dünýäniň körpeje ilçisi” atly festiwalyň çäklerinde geçirilen “Pedagoglaryň ussatlygy: gurjaklar-medeni mirasyň goragçysydyr” ady bilen yglan edilen bäsleşigine Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynyň 13-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçileri hem öz ýasan türkmen milli gurjaklary bilen gatnaşdy we bäsleşigiň 1-nji derejeli diplomyna mynasyp boldy.
Bäsleşigiň düzgünnamasyna laýyklykda çagalar bakja-bagynyň pedagoglarynyň yhlasy bilen türkmen milli lybasyna bezelen birnäçe gurjaklar taýýarlanyldy. Milli lybasly gurjaklaryň çagalarda halkymyzyň medeni mirasynyň gymmatlyklaryna söýgi döretmekde uly ähmiýete eýedir.
Ata-balarymyz asyrlaryň dowamynda ýaşaýyş-durmuşynyň talaplarynda pähim-parasady bilen amaly-haşam sungatynyň dünýä nusgalyk eserlerini-nepis halylary, gelin-gyzlaryň gymmatly şaý-seplerini, milli lybaslaryny döredip, biziň şu günümize getirdiler. Şu gymmatly baýlygyň üstüni täze eserler bilen doldurmaga ukyply ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek biz, bilim işgärleriniň esasy wezipeleriniň biridir.
Şeýle bagtyýar döwrümizde milliligimize uýup, ony sarpalap, gymmatly ýörelgelerimizi mynasyp derejede dowam etdirmek pedagoglaryň mukaddes borjudyr. Halkymyzyň medeni mirasyny, milliligini aýap saklamak we ony dünýä ýaýmak, geljekki nesillerimize ýetirmek ugrunda beýik işleri durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyza çäksiz alkyş aýdýarys!
Mary welaýat Baş bilim müdirliginiň
başlygynyň orunbasary
O.Annageldiýewa
744000, Türkmenistan, Aşgabat ş., Bagtyýarlyk etraby, Magtymguly şaýoly, 136 jaý
© 2025 Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkezi. Ähli hukuklar goralan.