
Täzelikler
386

Şu gün Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda 2025-nji «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynyň ajaýyp nyşanyna bagyşlanyp tegelek stoluň başynda mugallymlaryň gatnaşmagynda söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde ajaýyp ýylymyzyň nyşanynda ýerleşdirilen her bir şekiliň many-mazmunyny açyp görkezýän aýratynlyklary barada hem-de ýaşlarymyzy watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekdäki ähmiýeti dogrusynda buýsançly gürrüňler beýan edildi. Şeýle-de, berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynda ýurdumyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazylan şöhratly wakalaryň hem-de hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna esaslanýan Türkmenistan ýurdumyzyň umumadamzat bähbitli başlangyçlary öňe sürýän beýik işler dogrusynda çykyşlar ýerine ýetirildi.
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasy
744000, Türkmenistan, Aşgabat ş., Bagtyýarlyk etraby, Magtymguly şaýoly, 136 jaý
© 2025 Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkezi. Ähli hukuklar goralan.