
Täzelikler
270

2025-nji ýylyň 4-6-njy noýabrynda Gyrgyzstan Respublikasynyň Bişkek şäherinde CAREC maksatnamasynyň «Ýaşyl başarnyklaryň ösdürilmegini pugtalandyrmak» atly sebitleýin tehniki kömegiň çygrynda, Aziýa Ösüş Bankynyň hem-de Halkara zähmet guramasynyň halkara okuw merkeziniň guramagynda «Nazaryýetden tejribä geçmek: CAREC maksatnamasynyň tejribeli hünärlenleri üçin adalatly geçiş boýunça syýasaty laboratoriýasy» atly okuw maslahaty geçirildi. Bu okuw maslahatyna Türkmenistanyň Bilim hem-de Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrlikleriniň hünärmenlerinden ybarat türkmen wekiliýeti gatnaşdy.
Bu çäre «Nazaryýetden tejribä geçmek: CAREC sebitinde ýaşyl iş orunlary üçin başarnyklaryň mümkinçiliklerini açyp görkezmek» atly dört tapgyrdan ybarat bolan okuw maksatnamasynyň jemleýji tapgyry boldy. Oňa ýurdumyzyň wekiliýetinden başga, CAREC guramasyna girýän ýurtlaryň degişli ministrlikleriniň, hünär-tehniki bilim edaralarynyň wekilleri, howanyň üýtgemegi we ýaşyl iş orunlary boýunça bilermenler gatnaşdy.
Maksatnama CAREC guramasyna agza ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga hem-de adalatly we inklýuziw energiýa we ykdysady geçişi üpjün edýän amaly mehanizmleri ösdürmäge gönükdirilendir. Şunda esasy üns iş bilen üpjünçilik meselelerinde täze mümkinçilikleriň döredilmegine, işgärleri gaýtadan taýýarlamaga hem-de «ýaşyl» ykdysadyýet we durnukly ösüş ýörelgelerini bilim ulgamyna we zähmet bazaryna ornaşdyrmak üçin hereketleriň milli meýilnamalarynyň işlenip düzülmegine berilýär.
Üç günüň dowamynda, okuw maslahatyna gatnaşyjylar ozal geçilen okuw tapgyrlarynyň jemleri boýunça esasy netijeleri şöhlelendirýän tanyşdyryşlary toparlaýyn esasda görkezdiler, ýaşyl başarnyklary emele getirmekde we ösdürmekde tejribe alyşdylar, pes uglerodly ykdysadyýete geçiş şertlerinde iş üpjünçiligine ýardam etmek boýunça sebitleýin hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Okuw maslahatynyň dowamynda türkmen wekiliýeti tarapyndan ýurdumyzda adam maýasyny ösdürmek, ýaşyl ykdysadyýet üçin hünärmenleri taýýarlamak, zähmet we bilim ulgamlarynda durnukly ösüş ýörelgelerini ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada bellenip geçildi, ekologik we tehnologik özgertmeleri goldamaga ukyply hünärmenleri taýýarlamakda bilim ulgamynyň orny barada durlup geçildi.
Okuw maslahatynyň jemleýji gününde okuw maslahatyna gatnaşyjylara şahadatnamalar, şeýle hem aýdyňlygy we maglumat howpsuzlygyny üpjün edýän blokçeýn tehnologiýasyny ulanmak arkaly sanly şahadatnamalar gowşuryldy.
Türkmenistanyň Bilim ministrligi
744000, Türkmenistan, Aşgabat ş., Bagtyýarlyk etraby, Magtymguly şaýoly, 136 jaý
© 2025 Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkezi. Ähli hukuklar goralan.