
Täzelikler
164

Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň uludan toýlanýan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen halkymyzyň milli medeni gymmatlyklary halkara derejesinde dabaralanýar.
Golaýda Türkiýe Respublikasynda Türkmen edebiýatynyň döredijiliginiň hepdeligi ýokary derejede geçirildi. Bu dabara Türki medeniýetiniň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ), Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky ilçihanasynyň hem-de Türk edebiýatyň gaznasynyň hyzmatdaşlygynda Türkmenistanyň Gahrymany, halk ýazyjysy Gözel Şagulyýewanyň doglan gününiň 85 ýyllygy mynasybetli neşir edilen “Türki dünýäde zenan we kelam” atly goşgular ýygyndysynyň tanyşdyrylyşy bilen açylmagy ýatdan çykmajak wakalara besledi. Bu ajaýyp çärede Türkmenistanyň Gahrymany, halk suratkeşi Saragt Babaýewiň çykyşyna orun berildi. Türkmenistanyň Gahrymany, halk suratkeşi Saragt Babaýew öz çykyşynda türkmen edebiýatynyň görnükli wekili Gözel Şagulyýewanyň döredijilik dünýäsiniň özboluşly aýratynlygy baradaky beýan eden gymmatly pikiri bu çärä gatnaşyjylaryň ünsüni çekdi. Döredijilik adamsynyň mukaddes Watan baradaky her bir şygrynyň ähmiýetini beýan etdi.
Edebiýat we döredijilik hepdeliginiň çäginde ýatdan çykmajak wakalarynyň biri Türkmenistanyň Gahrymany, halk suratkeşi Saragt Babaýewe Türki dünýäniň Çeperçilik sungatlary akademiýasynyň akademigi diýen hormatly adyň dakylmagy aýratyn bellärliklidir. Halypanyň döredijilik dünýäsinde iň gymmatly pikir zähmet terbiýesine uly orun berilýär. Muny ýatlamak bilen “Öz söýen käriňde çeken zähmetiňden kemal tapmak ynsan üçin uly bagtdyr. Adam näçe köp zähmet çekse, ol wagtyň gymmatyna düşünýär” diýen dürdäne sözleri hyýalyňda ýaňlanýar. Ussat halypa heýkeltaraşlyk sungatynda köp sanly keşpleri döretdi. Bu eserler ýaşlary watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekde müdimilik mekdepdir.
Bilbil Çaryýewa,
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik
akademiýasynyň Ylym bölüminiň başlygy
744000, Türkmenistan, Aşgabat ş., Bagtyýarlyk etraby, Magtymguly şaýoly, 136 jaý
© 2025 Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkezi. Ähli hukuklar goralan.