
Täzelikler
113

Ýewropa Bilim Gaznasynyň (ETF) DARYA taslamasynyň çäklerinde 2025-nji ýylyň noýabr aýynyň 10-15-i aralygynda Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynda Türkmenistanyň bilim ulgamyny ösdürmek boýunça möhüm halkara hyzmatdaşlygyň çäklerinde halkara bilermenler tarapyndan okuw maslahatlary geçirildi.
Ýewropa Bilim Gaznasynyň “Merkezi Aziýada ukyply ýaşlar üçin dialog we hereket” (DARYA) atly sebitleýin taslamasynyň çäginde işlenip düzülen okatmagyň täze usulyýeti bolan “SCAFFOLD” boýunça okuw maslahatlaryny geçirmek, Türkmenistanyň bilim işgärleriniň hünär ussatlygyny ýokarlandyrmak, täze we öňdebaryjy okatmagyň tehnologiýalaryny ulanyp, ýaşlarda ukyp-başarnyklary has-da ösdürmek üçin Ýewropa standartlaryna laýyklykda, täze mümkinçilikleri döretmäge ýardam berer.
Ýewropa Bilim Gaznasynyň (ETF) Merkezi Aziýa boýunça utgaşdyryjysy K.I.Hemşemaýer hem-de DARYA taslamasynyň SCAFFOLD usulyýeti boýunça toparyň agzalary, halkara bilermenler N.Gorgadze, A.Smailkanowa, Ý.Ýekimowa ýurdumyzyň ýokary, orta hünär we orta mekdepleriniň mugallymlary üçin okuwlary geçdiler.
“SCAFFOLD” okatmagyň usulyýeti hökmünde, okuwlary meýilleşdirmäge, guramaga we okaýanlaryň bilim derejesini hem-de başarnyklaryny yzygiderli ýokarlandyrmaga ýardam berýän usulyýetdir.
Bu okuwlar Türkmenistanyň bilim ulgamynyň hilini we derejesini halkara standartlaryna laýyk getirmekde hem-de bilim hyzmatdaşlygyny giňeltmekde uly ähmiýete eýedir.
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika instituty
744000, Türkmenistan, Aşgabat ş., Bagtyýarlyk etraby, Magtymguly şaýoly, 136 jaý
© 2025 Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkezi. Ähli hukuklar goralan.