
Täzelikler
77

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ösüp gelýän ýaş nesliň döwrebap bilim almagy, ylmy-barlag, döredijilik işleri bilen meşgullanmagy, ökde hünärli hünärmenler bolup ýetişmegi barada uly aladalar edilýär. Bu babatda Arkadagly Gahryman Serdarymyz öz çykyşlarynda: «Biz bilim ulgamynda ruhy taýdan kämil, giň dünýägaraýyşly ýaş nesilleri terbiýelemek boýunça netijeli işleri alyp barýarys» diýip, döwletimizde bilimli, ylymly, ruhy taýdan kämil, giň dünýägaraýyşly ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek babatda uly işleriň amala aşyrylýandygyny nygtap belleýär.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz 2025-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli «Bilimler we talyp ýaşlar güni» eden çykyşynda: «Nesip bolsa, 2025-2026-njy okuw ýyly «Meniň mugallymym meniň öz halkymdyr» diýen ýörelgä eýeren mugallym, esger, ilhalar ynsan, beýik halypa Berdimuhamet Annaýewiň halypaçylyk ussatlygyny Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mynasyp dowam edýän ähli bilim işgärleriniň has-da tutanýerli zähmet çekip, müňýyllyklardan gözbaş alýan hormatly käriň abraýyny hem-de zehin-başarnyklary bilen uly üstünlikleri gazanyp, Watanymyzyň halkara abraýyny has-da belende galdyrýan okuw ýyly bolar» diýip, mugallymlaryň, bilim işgärleriniň öňünde uly wezipeleri goýdy. Şol wezipeler «Türkmenistanda tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasynda», Türkmenistanyň Prezidentiniň 2024-nji ýylyň 25-nji maýynda gol çeken Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasynda» hem-de «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyny amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyna» uly orun aldy.
«Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyna» laýyklykda, Türkmenistanyň ykdysady taýdan durnukly ösüşine, tebigatyň baýlyklaryny rejeli ulanyp, gorap saklamak we has-da baýlaşdyrmak babatda durmuşa geçirilýän giň göwrümli işlere goşant goşmaga ukyply, çuňňur bilimli, ylymly, baý terbiýeli, sanly tehnologiýalardan peýdalanmagy başarýan, milli mirasymyza, ruhy gymmatlyklarymyza sarpa goýýan kämil ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek bilim işgärleriniň, aýratyn hem, mugallymlaryň öňünde durýan möhüm wezipelerdir. Şu wezipeleri berjaý etmek mugallymlardan döredijilikli işlemegi, ýadawsyz zähmet çekmegi, öz bilimini yzygiderli kämilleşdirmegi hem-de hemişe döredijilik gözleglerinde bolmagy talap edýär. Pedagogik işgärleriň döredijilikli işlemegine ýakyndan ýardam berýän şeýle işleriň biri hem, Türkmenistanyň Milli bilim institutynda bilim işgärleri üçin yzygiderli geçirilýän usuly-amaly okuwlardyr.
2025-nji ýylyň noýabr aýynyň 10-15 aralygynda Türkmenistanyň Milli bilim institutynda Aşgabat şäher we welaýat Baş bilim müdirlikleriniň, Arkadag şäher bilim müdirliginiň hem-de etrap (şäher) bilim bölümleriniň umumybilim edaralarynyň biologiýa, himiýa derslerinden usuly birleşmeleriniň ýolbaşçylary bilen geçirilen «Umumybilim berýän mekdeplerde biologiýa, himiýa dersleriniň okadylyşyna gözegçiligiň we usuly işleriň ýola goýluşy» atly usuly-amaly okuw hem mugallymlaryň ussatlyk derejesini ýokarlandyrmaga ýardam berýän usuly-amaly okuwlaryň biri boldy. Bu usuly-amaly okuwa ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan, Aşgabat we Arkadag şäherlerinden biologiýa, himiýa dersleri boýunça usuly birleşmeleriň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Usuly-amaly okuwda biologiýa, himiýa derslerinden usuly birleşmeleriň ýolbaşçylarynyň alyp barýan usuly işlerini kämilleşdirmek maksady bilen, okuwa gelen mugallymlar ýurdumyzda we dünýäniň öňdebaryjy ýurtlarynda bilim-ylym ulgamlaryny ösdürmek babatda alnyp barylýan işler, okatmagyň häzirki zaman usullary, sanly bilim tehnologiýalarynyň mümkinçiliklerinden peýdalanmagyň ýollary, «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli çenli Konsepsiýasyny» durmuşa ornaşdyrmak maksady bilen ýurdumyzyň bilim ulgamynda geçirilýän giň gerimli işler, «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli çenli Konsepsiýasyny amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy» olaryň mazmunynda öz beýanyny tapan halkara bilim maksatnamalary (PISA, TIMSS, PIRLIS), olaryň maksatlary, wezipeleri, görkezijileri, olary Türkmenistanyň bilim ulgamyna ornaşdyrmak boýunça geçirilýän işler bilen ýakyndan tanyşdyryldy. Şu maksat bilen okuwda Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Çöller, ösümlik we haýwanat dünýäsi milli institutynyň direktory, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy tehnologiýa parkynyň biotehnologiýa barlaghanasynyň ylmy işgäri, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkeziniň hünärmenleri, Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň alymlary, tejribeli, öz işlerine ussat mugallymlar gyzykly söhbetleri okadylar, täsirli sapaklary geçdiler. Şeýle-de, usuly-amaly okuwa gatnaşýan usuly birleşmeleriň ýolbaşçylary öz mugallymçylyk iş tejribeleri bilen kärdeşlerini tanyşdyrdylar hem-de okuw-terbiýeçilik we usuly işleriň wajyp meseleleri barada özara pikir alyşdylar. Usuly-amaly okuwyň diňleýjileri üçin okalan söhbetleriň ählisi, aýratyn hem, Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň bilim işgärleriniň hünärini kämilleşdiriş bölüminiň müdiri, biologiýa ylymlarynyň doktory, dosent Sapargeldi Durdyýewiň: «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyna» laýyklykda, PISA, PIRLS, TIMSS halkara bilim maksatnamalaryny milli bilim ulgamyna ornaşdyrmak boýunça öňde durýan wezipeler we olary çözmegiň ýollary» hem-de «Umumybilim berýän orta mekdeplerde saýlama okuwlary guramagyň we geçirmegiň usulyýet aýratynlyklary», şol institutyň tebigy we takyk bilimleri bölüminiň baş ylmy işgäri, biologiýa ylymlarynyň doktory Maral Akyýewanyň «Gahryman Arkadagymyzyň «Janly rowaýat» we «Hakyda göwheri» atly eserlerindäki tebigat baradaky maglumatlary halkara bilim maksatnamalarynyň (PISA, TIMSS, PIRLS) görkezijilerine laýyklykda, okuwçylaryň tebigy bilimler babatdaky sowatlylygyny kämilleşdirmekde peýdalanmagyň usullary», institutyň tebigy we takyk bilimleri bölüminiň müdiri, pedagogika ylymlarynyň kandidaty, dosent Gündogdy Şadurdyýewiň: «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyna» laýyklykda, umumybilim berýän mekdeplerde okuw-terbiýeçilik işlerini kämilleşdirmegiň ýollary», Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Çöller, ösümlik we haýwanat dünýäsi milli institutynyň direktory, biologiýa ylymlarynyň kandidaty Pirli Kepbanowyň: «Howanyň üýtgemegi boýunça TürkmenistanyňMilli strategiýasyna (rejelenen görnüşi)» laýyklykda, klimatyň üýtgeýän şertlerinde, Türkmenistanyň ösümlik dünýäsiniň häzirki ýagdaýy baradaky döwrebap ylmy maglumatlaryň okuwçylara öwredilişi», Milim bilim institutynyň jemgyýetçilik bilimleri bölüminiň müdiri Ogulbaýram Meläýewanyň: «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyna» laýyklykda, pedagogik işgärleriň halypa-şägirt gatnaşyklaryny işjeňleşdirmegiň ýollary», Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy tehnologiýa parkynyň biotehnologiýa barlaghanasynyň müdiri Altyn Rahmanowanyň: «Türkmenistanda biotehnologiýany toplumlaýyn ösdürmegiň 2024-2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» we ony durmuşa geçirmekde umumybilim mekdepleriň biologiýa, himiýa mugallymlarynyň öňünde duran wezipeler, olary amal etmegiň ýollary», Aşgabat şäheriniň takyk we daşary ýurt dili derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 77-nji orta mekdebiniň biologiýa mugallymy Güljemal Akmuhammedowanyň: «Türkmenistanda tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda, biologiýa we himiýa derslerinden usuly birleşmeleriň işini kämilleşdirmegiň döwrebap usullary» Milim bilim institutynyň tebigy we takyk bilimleri bölüminiň uly ylmy işgäri Aýna Sähetmyradowanyň: «Biologiýa we himiýa okuw derslerini okuwçylara öwretmekde emeli aňyň mümkinçiliklerinden peýdalanmagyň usullary» diýen temalardan okan söhbetleri has hem gyzykly we täsirli boldy.
Usuly-amaly okuwyň dünýäniň öňdebaryjy döwletlerinde giňden ulanylýan okatmagyň işjeň usullary arkaly, sanly tehnologiýalaryň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanyp, döwrebap, täzeçe guralandygyny nygtap bellemek gerek. Şeýle-de, usuly-amaly okuwyň geçirilen döwründe tejribe okuwlary hem guraldy. Aşgabat şäheriniň tebigy ugurly dersleri çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 75-nji Beýik Serdar nesilleri orta mekdebinde biologiýa, himiýa okuw derslerini okadýan mugallymlaryň iş kagyzlary we «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetinikämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli çenli Konsepsiýasynynyň» görkezijilerine laýyklykda döwrebap sapak geçiş usullary, biologiýa we himiýa dersleri boýunça guran sergileri bilen tanşyldy. Mekdebiň halypa mugallymlary – biologiýa mugallymy Bahar Annadurdyýewa we himiýa mugallymy Narsoltan Annadurdyýewa guran ussatlyk sapaklary has-da gyzykly we täsirli boldy. Halypalar bu sapaklaryny täzeçe guramagy we ussatlarça geçirmegi başardylar. Şeýle-de, biologiýa, himiýa okuw dersleri boýunça okuwçylaryň bilimlerini we başarnyklaryny bahalandyrmagyň usullary barada özara pikir alşyldy. Usuly-amaly okuw döwründe okalan söhbetleriň we geçirilen tejribe okuwlarynyň mazmun taýdan baý, hil taýdan ýokary, döwrüň talaplaryna laýyk bolmagyny gazanmak maksady bilen, Milli bilim institutynyň usulyýetçi alymlary, ylmy işgärleri, şeýle hem sapaklary geçen ylmy-pedagogik işgärler, mugallymlar uly zähmet çekipdirler, taýýarlyk işlerini görmek üçin köp wagt sarp edipdirler.
Milli bilim institutynda umumybilim edaralarynyň biologiýa, himiýa derslerinden usuly birleşmeleriniň ýolbaşçylary üçin bir hepdäniň dowamynda ýokary guramaçylykda we täsirli geçirilen usuly-amaly okuwda okalan söhbetler, tejribe işleri bize geljekde öz alyp barýan okuw-terbiýeçilik we usuly işlerimizi döwrümiziň ýokary talaplaryna laýyk derejede has-da kämilleşdirmäge, Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň, Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň möhüm başlangyçlaryndan we gymmatly sargytlaryndan ugur alyp, dünýä tejribesini çuňňur öwrenmek arkaly, «Türkmenistanda tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasynda», «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli çenli Konsepsiýasynynda» kesgitlenen maksatlar boýunça öňde durýan wezipeleri üstünlikli amal etmäge ýardam berjekdigi ikuçsyzdyr.
Aman Berdimyradow,
Türkmenabat şäherindäki 39-njy ýöriteleşdirilen
orta mekdebiň biologiýa mugallymy, biologiýa
dersinden mekdep usuly birleşmesiniň
ýolbaşçysy.
744000, Türkmenistan, Aşgabat ş., Bagtyýarlyk etraby, Magtymguly şaýoly, 136 jaý
© 2025 Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkezi. Ähli hukuklar goralan.