
Täzelikler
82

2025-nji ýylyň noýabr aýynyň 10-14-i aralygynda Britan Geňeşiniň alyp barýan “Merkezi Aziýada iňlis dilini öwrenmegi tizleşdirmek” atly maksatnamasynyň çäklerinde Nottingham Trent uniwersitetiniň professorlary Martin Sewior we Sarah Khan Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda iş saparynda boldular.
Saparyň ilkinji güni Nottingham Trent uniwersitetiniň professorlary institutyň iňlis dili mugallymlaryna seminar sapak geçdiler. Mugallymlar bilen geçirilen seminar sapakda myhmanlar iňlis dilini okatmakda ulanylýan işjeň usullar, iňlis dili öwredilende aýratyn üns berilmeli meseleler, inklýuziw bilimi ornaşdyrmagyň ýollary dogrusynda gürrüň berdiler we öz iş tejribesini paýlaşyp, ony amaly taýdan görkezdiler.
Şeýle hem, myhmanlar institutyň uçurym dördünji ýyl talyplary bilen duşuşyp, iňlis dilinde okaýyş we ýazuw dersini alyp barmagyň usullaryny hem-de sapaga inklýuziw bilimi ornaşdyrmagyň ýollaryny amaly sapagyň üsti bilen görkezdiler.
Mundan başga-da myhmanlar Aşgabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 131-nji we 140-njy orta mekdeplerinde mugallym bolup zähmet çekýän institutyň uçurymlarynyň sapaklaryna gatnaşyp, mekdep okuwçylaryna inklýuziw bilim bermegi ornaşdyrmak boýunça usuly maslahatlaryny berdiler. Şunuň bilen birlikde, Nottingham Trent uniwersitetiniň professorlary Aşgabat şäheriniň umumybilim berýän orta mekdeplerinde zähmet çekýän institutyň uçurymlary bilen duşuşyk geçirip, sapakda inklýuziw görnüşde bilim bermek üçin materiallary taýýarlamagyň usullaryny hem görkezdiler.
Saparyň çäklerinde Nottingham Trent uniwersitetiniň professorlary institutyň mugallymlarynyň sapaklaryna gatnaşyp, mugallymlaryň sapagy alyp barşyny synladylar we hünär derejesini mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça teswirlerini hem-de usuly maslahatlaryny berdiler.
Umuman, Nottingham Trent uniwersitetiniň professorlarynyň bu iş sapary örän işjeň häsiýete eýe bolup, daşary ýurt dilllerini okatmakda ähmiýetli usuly kömek boldy.
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty
744000, Türkmenistan, Aşgabat ş., Bagtyýarlyk etraby, Magtymguly şaýoly, 136 jaý
© 2025 Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkezi. Ähli hukuklar goralan.