
Täzelikler
578

Asuda, abadan Watanymyzyň her bir güni toý-baýramlara beslenýär. Halkymyzyň gülläp ösýän parahat Watanymyza buýsanjynyň çägi ýok. “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynda tirkeşip gelýän toý-baýramlaryň hatarynda 75 ýaş toýy bellenilýän, Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” bäsleşiginiň ýeňijisi, “Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna” atly ýubileý medalynyň eýesi, çagalaryň söýgüli ýazyjysy Hemra Şirow ýaňy-ýakynda mekdep okuwçylarynyň arzyly myhmany boldy. Çaga göwünli şahyryň çagalar üçin döreden eserleri mekdep okuwçylary tarapyndan uly höwes bilen okalýar.
Aşgabat şäheriniň 51-nji orta mekdebiniň okuwçylary şahyryň goşgularyny labyzly okap, olardan bölekleri sahnalaşdyryp, bu çäräniň şowhunly geçmegi üçin öz goşantlaryny goşdular. Şahyr çagalaryň kitap okamaga bolan gyzyklanmalarynyň has-da täsirli bolmagy üçin matematikadan tapmaçaly goşgularyny, edebi dilde arassa gürlemegi öwredýän ýaňyltmaç goşgularyny okap berdi we çagalar bilen sorag-jogap alyşdy. Halypa şahyr kitap bilen dostlaşsaň köp zady öwrenip boljakdygyny, wagtyňy bisarpa tutman kitaplary köp okamaklygy ündedi. Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy tarapyndan guralan H.Şirowyň irki döwürlerde neşir edilen kitaplarynyň, uly göwrümli tomluklarynyň sergisi hem guraldy.
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň
okuw kitaplaryny taýýarlamak we neşir işleri bölümi
© 2025 Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkezi. Ähli hukuklar goralan.