
Täzelikler
619

Balkan welaýat Baş bilim müdirligi, şeýle hem müdirligiň garamagyndaky umumybilim we mekdebe çenli çagalar edaralarynyň mugallymlarydyr terbiýeçileriniň hünär derejesini ýokarlandyryş merkezi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat Geňeşi bilen bilelikde welaýatyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň 11-12-nji synp okuwçylarynyň arasynda Hormatly Prezidentimiziň halkymyza, aýratyn hem ýaşlara peşgeş beren “Ýaşlar – Watanyň daýanjy” kitaby boýunça bäsleşiň welaýat tapgyry geçirildi.
Bäsleşigiň maksady Türkmenistanyň Hormatly Prezidentiniň “Türkmenistanda kitaphana ulgamyny ösdürmegiň 2025-2029-njy ýyllar üçin döwlet maksatnamasyny tassyklamak hakynda” 2025-nji ýylyň 24-nji ýanwarynda çykaran 1251 Kararyndan we Türkmenistanyň Bilim ministriniň 2025-nji ýylyň 17-nji fewralyndaky 49 belgili buýrugyndan gelip çykýan wezipeleri durmuşa geçirmekden, Hormatly Prezidentimiziň “Ýaşlar – Watanyň daýanjy” kitabyny ýatdan bilmekden we ýaşlaryň kitap okamaklyk endiklerini has-da ösdürmekden ybaratdyr.
Bäsleşige şäher, etrap tapgyrlarynda ýeňiji bolan 11-12-nji synp okuwçylar gatnaşdylar. Bäsleşikde kitap esasynda sanly tehnologiýalaryň mümkinçiliklerine daýanyp, taýýarlanan soraglara kompýuter maksatnamalary esasynda jogap bermekligiň netijesinde 11-nji synp okuwçylarynyň arasynda Baş baýraga Balkanabat şäheriniň 24-nji orta mekdebiniň okuwçysy Täzegül Nurjanowa, birinji orna Balkanabat şäheriniň Jebel şaherçesindäki Baýram şahyr adyndaky 8-nji orta mekdebiň okuwçysy Zülfiýa Artykowa, toplan utuklarynyň deň bolandygy sebäpli Gyzylarbat etrabynyň A.Geldiýew adyndaky 17-nji orta mekdebiniň okuwçysy Tumar Aýdogdyýewa we Türkmenbaşy etrabynyň 17-nji orta mekdebiniň okuwçysy Humaý Şyhyýewa 2-nji orna, Türkmenbaşy şäheriniň daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 15-nji orta mekdebiniň okuwçysy Arzuw Şükürowa 3-nji orna;12-nji synp okuwçylarynyň arasynda Balkanabat şäheriniň iňlis dili, fizika we matematika okuw derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 22-nji orta mekdebiniň okuwçysy Bägül Nuralyýewa Baş baýraga, Balkanabat şäheriniň tebigy ugurly dersleri çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 21-nji orta mekdebiniň okuwçysy Bägül Pirliýewa 1-nji orna, Gyzylarbat etrabynyň takyk ugurly dersleri çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 23-nji orta mekdebiniň okuwçysy Ysmaýyl Hojamuhammedow 2-nji orna, Gyzylarbat etrabynyň 25-nji orta mekdebiniň okuwçysy Medine Garaýewa 3-nji orna mynasyp boldular.
Bäsleşigiň ýeňijileri Balkan welaýat Baş bilim müdirliginiň degişli diplomlary we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat Geňeşiniň ýädygärlik sowgatlary bilen sylaglanyldy.
Azat Berdiýew,
Balkan welaýat Baş bilim müdirliginiň
umumy orta bilim bölüminiň
baş hünärmeni
© 2025 Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkezi. Ähli hukuklar goralan.