
Täzelikler
617

Golaýda Balkan welaýat Baş bilim müdirliginiň, şeýle hem müdirligiň garamagyndaky umumybilim we mekdebe çenli çagalar edaralarynyň mugallymlarydyr terbiýeçileriniň hünär derejesini ýokarlandyryş merkezi bilen ýörite işlenilip taýýarlanylan meýilnama esasynda welaýatyň bilim işgärleriniň arasynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň halkymyza peşgeş beren “Hakyda göwheri” kitaby boýunça bäsleşgigiň welaýat tapgyry geçirildi.
Bäsleşigiň maksady Türkmenistanyň Hormatly Prezidentiniň “Türkmenistanda kitaphana ulgamyny ösdürmegiň 2025-2029-njy ýyllar üçin döwlet maksatnamasyny tassyklamak hakynda” 2025-nji ýylyň 24-nji ýanwarynda çykaran 1251 kararyndan we Türkmenistanyň Bilim ministriniň 2025-nji ýylyň 17-nji fewralyndaky 49 belgili buýrugyndan gelip çykýan wezipeleri durmuşa geçirmekden, bilim edaralarynyň işinde ýaşlara kämil bilim, milli ruhda terbiýe bermek işinde Gahryman Arkadagymyzyň ýol görkeziji bolup hyzmat edýän “Hakyda göwheri” kitabyny ýatdan bilmekden we bilim işgärleriniň kitap okamaklyk endiklerini has-da ösdürmekden ybarat.
Bäsleşige şäher, etrap tapgyrlarynda ýeňiji bolan bilim işgärleri: umumybilim berýän orta mekdepleriň we mekdebe çenli çagalar edaralarynyň bilim işgärleri iki ugur boýunça gatnaşdylar.
Bäsleşikde kompýuterde taýýarlanan soraglara maksatnamalary esasynda jogap bermekligiň netijesinde umumybilim berýän orta mekdeplerden Baş baýraga Balkanabat şäheriniň Oglanly şäherçesindäki 10-njy orta mekdebiň türkmen dili we edebiýat mugallymy Gülnur Gazakbaýewa, toplan utuk sanlarynyň deň bolandygy sebäpli Türkmenbaşy şäherindäki takyk ugurly dersleri çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 10-njy orta mekdebiň taryh mugallymy Gyrmyzy Maşadowa, Balkanabat şäherindäki 17-nji orta mekdebiň taryh mugallymy Hemra Täçgylyjow birinji orna, Balkanabat şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 3-nji orta mekdebiň taryh mugallymy Myrat Sopyýew 2-nji orna, Esenguly etrabyndaky 2-nji orta mekdebiň türkmen dili we edebiýat mugallymy Arazdurdy Arazdurdyýew 3-nji orna; mekdebe çenli çagalar edaralarynyň terbiýeçileriniň arasynda Balkanabat şäherindäki 34-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi Amantäç Mämmetannaýewa Baş baýraga, Türkmenbaşy şäherindäki 28-nji çagalar bagynyň terbiýeçisi Patma Durdyýewa 1-nji orna, Balkanabat şäherindäki 11-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi Baýrambibi Annaýewa 2-nji orna, Türkmenbaşy şäherindäki 30-njy çagalar bagynyň terbiýeçisi Gurbanbibi Begenjowa 3-nji orna mynasyp boldular.
Bäsleşige gatnaşyjylar şeýle mazmunly bäsleşikleriň “kitapsöýüjileriň” täze nesliniň kemala gelmeginde, kitaby hemra edinip, ony okamak endiklerini has-da artdyrmaga uly täsirini ýetirýändigini bellediler.
Bäsleşigiň ýeňijileri Balkan welaýat Baş bilim müdirliginiň degişli diplomlary we Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Balkan welaýat komitetiniň ýädygärlik sowgatlary bilen sylaglanyldy.
Çaryýar Çakanow,
Balkan welaýat Baş bilim müdirliginiň ýanyndaky döwlet umumybilim edaralarynyň mugallymlarynyň, mekdebe çenli çagalar edaralarynyň terbiýeçileriniň hünär derejesini ýokarlandyryş merkeziniň baş hünärmeni
© 2025 Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkezi. Ähli hukuklar goralan.