
Täzelikler
602

Beýik Garaşsyzlyk, Bitaraplygymyz halkymyzyň kalbyna nur bolup doldy, ýurdumyzy beýik ösüşlere, buýsançly geljege atardy.
Bäşmüňýyllyk taryhynyň dowamynda bolşy ýaly, halkymyz maşgala gymmatlyklarynyň mukaddesligini saklap gelýär. Ähli döwürlerde hem türkmen jemgyýetinde zenanlara aýratyn sarpa goýlupdyr.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hem Diýarymyzda zenanlaryň mümkinçilikleriniň artdyrylmagyna uly ähmiýet berilýär.
Türkmen topragynda toýlar goşa-goşadan gelýärler. Ynha, sanlyja günden hem Türkmenistan döwletimiz öz Bitaraplygynyň 30 ýyllyk şanly toýuny dabaraly ýagdaýda belläp geçmäge taýýarlyk görýär, bu şanly baýramçylygymyzyň öňüsyrasynda, ýagny 9-10-njy dekabrda biz Awaza Milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen ýene bir uly baýramçylygyň, toýuň şaýady bolduk. Gojaman Hazaryň kenarynda döwletimiziň ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda yhlasly zähmet çekýän we dürli döwletlerden gelen zenanlar « Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny: Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrunda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek» atly halkara maslahatyna gatnaşdylar.
“Awaza” Milli syýahatçylyk zolagy soňky ýyllarda birnäçe halkara çäreleri üstünlikli geçirip, abraýly maslahatlar üçin ynamly merkez derejesine çykdy. Bu ýerde döredilen şertleriň häzirki zaman talaplaryna we halkara ülňülere laýyk gelmegi forumyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmeginde ähmiýetlidir.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hem Diýarymyzda zenanlaryň mümkinçilikleriniň artdyrylmagyna uly ähmiýet berilýär. Häzirki döwürde gender deňligi, jemgyýetiň ähli gatlaklarynda erkekler bilen deň esasda gatnaşmak baradaky düşünjeler wajyp ähmiýete eýe bolmak bilen, zenanlaryň jemgyýetdäki ornuny has ýokary derejä çykarýarlar.
Zenanlar ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy, durmuş-ykdysady, medeni durmuşyna işjeň gatnaşýarlar. Häzirki wagtda Türkmenistanyň zenanlary ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda yhlasly zähmet çekýärler. Şol bir wagtyň özünde, olar mähriban ene, wepaly ýanýoldaş, maşgala ojaklarynyň eýeleridir. Täze taryhy döwrüň döredilmegine işjeň gatnaşýan zenanlaryň sebit we ählumumy gün tertibiniň möhüm meseleleriniň çözülmeginde eýeleýän orny hem barha artýar.
Döwlet tarapyndan gelin-gyzlara dürli ýeňillikler berilýär, olaryň mynasyp ýaşamagy, döredijilikli zähmet çekmegi üçin giň mümkinçilikler döredilip, kanunçylyk esasynda gender deňligi üpjün edilýär. Bu ugurdaky anyk tagallalara halkara bileleşik tarapyndan ýokary baha berilýär.
Forumyň dowamynda edilen çykyşlar, pikir we tejribe alyşmalar hem-de hyzmatdaşlyk mümkinçilikleri zenanlaryň jemgyýetdäki ornuny mundan beýläk-de berkitmäge ýardam eder. Bu bolsa öz gezeginde durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde halkara hyzmatdaşlygy has hem işjeňleşmegine itergi berer.
Türkmen zenanlaryň bilim ulgamynda, çagalary terbiýelemekde gazanan ýokary netijeleri, Berkarar Watanymyzyň şu güni we ertiri bolan edepli, kämil bilimli nesillerimizi kemala getirmäge gönükdirilendir.
Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň milli bilim ulgamyny dünýäniň ösen döwletleriniň derejesine ýetirmäge gönükdirilen özgertmeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda, ähli bilim edaralary bilen bir hatarda, mekdebe çenli çagalar edaralarynda berilýän bilimiň hili yzygiderli kämilleşdirilýär. Häzirki döwürde ýurdumyzyň bilim ulgamynda durmuşa geçirilýän düýpli özgertmeler milli we dünýä tejribesini özünde jemlemek bilen, mekdebe çenli çagalar edaralaryndan başlap, bilim edaralarynyň ähli derejelerinde bilim berlişini düýpli ýokarlandyrmaga ýardam edýär.
Eziz Diýarymyzda ösüp gelýän ýaş nesle döwrebap bilim we terbiýe bermek üçin has amatly şertleriň döredilmegi, döwrebap bilim edaralarynyň gurulmagy, olaryň häzirki zaman okuw-tehniki serişdeleri bilen üpjün edilmegi, mekdebe çenli çagalar edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň kämilleşdirilmegi aýratyn bellenmä-ge mynasypdyr. Amala aşyrylýan özgertmeleriň netijesinde, milli bilim ulgamynda halkara gatnaşyklary has-da işjeňleşdirilýär. Bu bolsa öz gezeginde, ýurdumyzda bilimiň hilini ýokarlandyrmaga oňyn täsirini ýetirýär.
Bilim ulgamynyň, has hem mekdebe çenli bilim edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we pedagoglarynyň aglabasy zenanlar bolup durýarlar. Bilimiň ilkinji basgançagy bolan çagalar bagynyň bosagasyna gelen körpäni aýratyn ene ýüreginiň mähir-muhabbeti bilen gurşamak, olara talabalaýyk bilim we terbiýe bermek, durmuş ýoluna itermek hem biz zenanlaryň paýyna düşýär. Biz bu paýyň eýesidigimize guwanýarys we buýsanýarys.
Zenanlarabolan mähirli garaýyş Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň asylly aýratynlyklarynyň biridir.
Şu ajaýyp pursatda Siziň ähliňizi şanly Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk toýy bilen tuýs ýürekden gutlaýaryn!
Goý Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary aman bolsun! Il bähbitli, ýurt ähmiýetli alyp barýan beýik tutumly işleri diňe rowaçlyklara beslensin!
M.Pirliýewa
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Mekdebe çenli bilim
bölüminiň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirijisi
© 2025 Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkezi. Ähli hukuklar goralan.