
Täzelikler
71

Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyplary Dursunjemal Ataýewa we Mähriban Azadowa Hytaýyň Nankin şäherinde 4 — 8-nji dekabr aralygynda geçirilen Teoretiki mehanika boýunça VI halkara olimpiadada baýrakly orunlara mynasyp boldular.
«Türkmenistan: Altyn asyr» elektron neşiriniň habar bermegine görä, türkmenistanly gatnaşyjylar teoretiki mehanika boýunça ajaýyp bilimlerini we ýokary taýýarlyk derejesini görkezip, şahsy hasapda hem-de toparlaýyn hasapda 2-nji orunlary eýelediler.
Hohai uniwersiteti tarapyndan guralan bu olimpiada dünýäniň dürli ýurtlarynyň 66 ýokary okuw mekdebinden 600-den gowrak talyp gatnaşdy.
© 2025 Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkezi. Ähli hukuklar goralan.