
Täzelikler
406

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Himiýa tehnologiýasy fakultetiniň “Aýnanyň we sitallaryň himiki tehnologiýasy” hünäriniň 3-nji ýyl talyby Nurberdiýew Mekan, 2025-nji ýylyň 15-18-nji dekabrynda Russiýa federasiýasynyň Kazan şäherinde geçirilen Dünýä Çempionatynda sportuñ Guşakly göreş görnüşi boýunça 75 kg agram derejesinde çykyş edip, baýrakly II orna mynasyp boldy. Talybymyzyň bu ýaryşy ýurdumyzyň sport üstünligini has-da belende galdyrdy.
Ýaşlarymyza dürli sport ýaryşlaryna we ders bäsleşiklerine gatnaşyp, özleriniň zehinini we ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmäge döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza sag bolsun aýdýarys. Talyp-türgenimize bolsa, mundan beýläk hem ýeňişleriň ýar bolmagyny arzuw edýäris.
© 2025 Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkezi. Ähli hukuklar goralan.