
Täzelikler
411

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwesitetinde Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň joşgunly owazyny wasp etmek, halkymyzyň milli medeniýetiniň many-mazmunyny ýaş nesle öwretmek, talyp ýaşlaryň aýdym-saz we tans sungatynda, halk döredijiliginde zehin başarnyklaryny açyp görkezmek maksady bilen fakultetleriň arasynda döredijilik bäsleşigi geçirildi. Bäsleşigiň dowamynda talyp ýaşlar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniniň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny wasp edýän, şeýle hem öz bilim alýan hünärleri boýunça gazanan üstünliklerini açyp görkezýän edebi-çeper kompozisiýany ussatlyk bilen ýerine ýetirdiler. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ajaýyp eserlerinden ýerine ýetirilen sahnalarda türkmen halkynyň gadymyýetden gelýän beýik ýörelgelerini, pähim-paýhas bilen utgaşýan merdi-merdanalygyny, ata Watanymyza bolan bimöçber söýgini, pederlerimizden gelýän gahrymançylyk, ynsanperwerlik ýörelgelerini giňden şöhlelendirdiler. Ýaňlanan halk aýdymlary, daşary ýurt dillerinde ýerine ýetirilen aýdymlar çäräniň şatlyk-şowhunyny has-da artdyrdy. Ajaýyp öwüşginde ýerine ýetirilen türkmen milli hem-de daşary ýurt dost-doganlyk tanslary dabara gatnaşan talyp ýaşlaryň ruhuny öňküden hem beýige galdyrdy. Fakultetleriň talyplaryndan düzülen toparlar Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eserlerinden taýýarlanan soraglara ýokary erjellik bilen jogap berdiler. Emin agzalaryň gelen netijelerine görä ýeňijiler aşakdaky yzygiderlikde yglan edildi:
Baş baýrak – Innowasiýalaryň ykdysadyýeti fakulteti
I orun – Himiki we nanotehnologiýalar fakulteti
II orun – Kompýuter ylymlary we maglumat tehnologiýalary fakulteti
III orun – Kiberfiziki ulgamlar fakulteti
III orun – Biotehnologiýa we ekologiýa fakulteti
Dabaraly çäräniň ahyrynda talyp ýaşlar okamaga, öwrenmäge, döredijilik bilen meşgullanmaga giň mümkinçilikler döredip beren Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.
© 2025 Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkezi. Ähli hukuklar goralan.