
Täzelikler
101

2025-nji ýylyň dekabr aýynyň 17-ne Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Aşgabatdaky Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda Berkarar Döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe dürli ýaryşlarda Türkmenistana wekilçilik edip, ýurdumyzyň abraýyny belende göterip, halkara ders bäsleşiklerinde we sport ýaryşlarynda dünýä derejesinde baýrakly orunlara mynasyp bolan ýaşlara hem-de olaryň halypa mugallymlaryna we tälimçilerine sylaglary gowşurdy. Bu şanly waka mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda hoşallyk maslahaty geçirildi. Maslahatynda çykyş eden professor-mugallymlar we talyp ýaşlar bilim we sport ulgamynda halkara derejede gazanylýan üstünlikleri mundan beýläk-de dowam etmegi, Watanymyzyň abadançylygy, halkymyzyň agzybirligi, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwletli başlangyçlarynyň hemişe rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler. Maslahata gatnaşyjylar ýurdumyzda häzirki zamanyň ösen talaplaryna laýyklykda okamaga, öwrenmäge, döretmäge hem-de şeýle bäsleşiklere gatnaşmaga döredilýän ähli mümkinçilikler üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş hem-de hoşallyk sözlerini aýtdylar.
Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty
© 2025 Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkezi. Ähli hukuklar goralan.