
Täzelikler
103

2025-nji ýylyň dekabr aýynyň 17-sine Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň mugallymlarynyň we talyp ýaşlarynyň gatnaşmaklarynda Hormatly Prezidentimiziň dürli ýaryşlarda Türkmenistana wekilçilik edip, ýurdumyzyň abraýyny belende göterip, halkara ders bäsleşiklerinde we sport ýaryşlarynda dünýä derejesinde baýrakly orunlara mynasyp bolan ýaşlara hem-de olaryň halypa mugallymlaryna we tälimçilerine sylaglary gowşurmaklygy mynasybetli brifing duşuşygy geçirildi. Berkarar Döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde, ýurtda ýaş nesil barada döwlet derejesinde edilýän aladalar özüniň oňyn netijesini berýär. Şeýle şanly wakalar mynasybetli geçirilen brifingiň dowamynda institutyň talyplary Ataýewa Dursunjemalyň, Goçyýew Nurmuhammediň gazanan üstünlikleri, olaryň ders bäsleşiklerine taýýarlyklary barada birnäçe çykyşlar diňlenildi. Duşuşygyň dowamynda oňa gatnaşyjylar ders bäsleşikleri bilen baglanyşykly birnäçe sorag-jogap alyşdylar. Duşuşygyň dowamynda institutyň ruhubelent talyplarynyň ýerine ýetirmeklerinde Watanymyzy, Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan oňyn içeri we daşary syýasatyny wasp edýän birnäçe aýdymlar diňlenildi. Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar döredilýän ähli mümkinçilikler üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş hem-de hoşallyk sözlerini aýtdylar.
Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty
© 2025 Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkezi. Ähli hukuklar goralan.