
Täzelikler
230

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda dost-doganlyk gatnaşyklary has-da gerimini giňeldýär. Hemmämiziň bilşimiz ýaly, ýaňy ýakynda Hormatly Prezidentimiziň Ýaponiýa döwletine iş saparynyň çäklerinde döwlet ähmiýetli birnäçe Ähtnamalara gol çekildi. Bu bolsa ýurdumyzyň daşary syýasatyny has-da ýokary derejede dabaralandyrýan wakalaryň biri boldy. Munuň şeýledigine, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti bilen Ýaponiýanyň Tohoku uniwersitetiniň Inženerçilik mekdebiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama, hem-de şol uniwersitet bilen talyp alyş-çalşygy boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama, şeýle-de Ýaponiýanyň Hirosaki uniwersitetiniň Ylym we tehnologiýalar boýunça ýokary mekdebiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi. Bu Ähtnamalar Türkmenistan bilen Ýaponiýa döwletiniň ylym-bilim ulgamyndaky gatnaşyklaryny ösdürmekde we pugtalandyrmakda möhüm ädim boldy.
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti häzirki wagta çenli Ýaponiýa döwletiniň bilim edaralary hem-de kompaniýalarynyň jemi 10-sy bilen Ähtnamalara gol çekişdi. Ähtnamalaryň maksady ylym we bilim hyzmatdaşlygyny ösdürmekden, bilelikdäki maksatnamany döretmekden we özara gyzyklanma bildirilýän ýokary bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk etmekden, kämil hünärmenleri taýýarlamak ugrunda giň gerimli işleri alyp barmakdan ybaratdyr.
Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan daşary syýasaty ýurdumyzyň dünýäniň beýleki döwletleri bilen dost-doganlyk gatnaşyklarynyň ýola goýulýandygynyň aýdyň mysalydyr.
Goý, Watanymyzy dünýä tanadýan, Ýaş nesli aýdyň geljege tarap ruhlandyrýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň dost-doganlyk syýasaty dünýä ýaň salsyn!
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti
© 2025 Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkezi. Ähli hukuklar goralan.