
Täzelikler
74

ABŞ-nyň Türkmenistandaky Ilçihanasy tarapyndan maliýeleşdirilýän Iňlis dilini ösdürmek (ELCD) maksatnamasy höwesjeň ýaşlary Aşgabat, Balkanabat, Daşoguz, Mary we Türkmenabat şäherlerinde geçiriljek tölegsiz iňlis dili kurslaryna gatnaşmaga çagyrylýar.
Bu kurslar höwesjeň ýaşlaryň iňlis dili başarnyklaryny ösdürmegine we olaryň hünär hem-de bilim maksatlaryna ýetmeklerine kömek etmäge niýetlenendir.
Okuw barada maglumat:
• Formaty: “offline” görnüşinde intensiw okuwlar.
• Dowamlylygy: 2026-njy ýylyň fewral – noýabr aýlary aralygynda.
• Kurslar tölegsiz.
Kimler gatnaşyp biler: 15-29 ýaş aralygyndaky Türkmenistanyň raýatlaryş.
Maksatnama gatnaşyjylar bäsleşik esasynda saýlanyp kesgitlener.
Okuwa gatnaşmak üçin 2026-njy ýylyň ýanwar aýynyň 15-ne sagat 23:59 çenli aşakdaky link arkaly anketany dolduryp ýüz tutuň:
https://docs.google.com/forms/d/e/1FAIpQLSdUdlkz8RVgZaxtxEIXEmt2MOzz1Mf1vxsf7vrcC0U6vfUWlg/viewform?usp=header
Soraglar ýüze çykan ýagdaýynda şu elektron salgysy arkaly habarlaşyp bilersiňiz: elcd.tkm@gmail.com
Çeşmesi: ORIENT
© 2025 Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkezi. Ähli hukuklar goralan.