
Täzelikler
74

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň hem-de umumybilim berýän orta mekdepleriniň professor-mugallymlarynyň gatnaşmagynda «Türkmen dili — türki dilli medeniýetleriň ulgamynda» atly onlaýn ylmy-usuly maslahat geçirildi. Bu barada ýokary okuw mekdebiniň resmi saýtynda habar berildi.
Habarda bellenilişi ýaly, maslahatda taryha siňen türkmen diliniň gadymy köklerini, türkmen diliniň türki dilli medeniýetleriň ulgamyndaky mynasyp ornuny we XXI asyrda türkmen dilini okatmagyň usullaryny döwrebaplaşdyrmak barada ylmy-usuly çykyşlar diňlenildi. Maslahat umumy mejlisden 4 sany bölümçeden ybarat bolup, onlaýn we oflaýn görnüşde geçirildi.
Çeşmesi: Turkmenportal
© 2025 Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkezi. Ähli hukuklar goralan.